Madoro:Wenesuela ilatynyň imperiýalizimi ýygrenmekleri harby döwlet agdarlyşygyň şowsuzlyga uçramagynyň sebäbidir
(last modified Thu, 02 May 2019 16:17:58 GMT )
May 02, 2019 21:17 Asia/Ashgabat
  • Madoro:Wenesuela ilatynyň imperiýalizimi ýygrenmekleri harby döwlet agdarlyşygyň şowsuzlyga uçramagynyň sebäbidir

wenesuelanyň kanuny prezidenti Nikolas Madoro bu ýurduň buliwary ynkylabçy ilatynyň imperiýalizmi ýygrenmekleri birinji Maýda ýola berilen döwlet agdarlyşygyň ýeňilmegine sebäpkär bildi.

Nikolas Madoro Wenesuelanyň paýtagty Karakasda özüniň hemaýatçylarynyň müňlerçesiniň ýygnagynda beren gürrüňlerinde içeriki garşylar bilen Amerika döwletini ýurtda içeriki uruşyň odyny ölçermekde aýyplady.

Madoro şeýle-de imperiýalizmiň mekirli hereketleriniň garşysynda Wenesuelada durnuklylygyň berkarar bolmagy üçin özüniň tarapdarlaryndan köçelerde galyp buliwari ynkylapdan arka çykmaklaryny isledi.

şol bir wagtda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Amerikanyň daşary işler ministri Mike Pompeo bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Amerikanyň Wenesuelanyň tersine yzarlaýan duşmançylykly hereketleriniň yzgelimleri barada duýduryş berdi.

Lawrow şeýle-de bu söhbetdeşlikde Amerikanyň Wenesuela ýurdunyň içeri işlerine goşulmagyny halkara kanunlary bozmaklyk hasaplady.

Tags