Eýran bilen Orsýet, ABŞ-nyň sanksiýalary dikeltmek boýunça edýän tagallalarynyň bikanundygyny nygtaýarlar
(last modified Fri, 25 Sep 2020 12:33:07 GMT )
Sep 25, 2020 17:33 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Orsýet, ABŞ-nyň sanksiýalary dikeltmek boýunça edýän tagallalarynyň bikanundygyny nygtaýarlar

Eýran we Orsýetiň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary ABŞ-nyň BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň ýatyrylan sanksiýalaryny dikeltmek baradaky tagallalarynyň bikanundygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, anna güni Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Seýed Abbas Aragçi bilen Orsýetiň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkowyň duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar we iň möhüm sebit we halkara meseleler we beýleki gyzyklanýan meseleler barada gürrüň edip pikir alyşdylar.

ýadro ylalaşygyň iş maslahaty we agzalarynyň şertnamany saklamak we doly ýerine ýetirmek baradaky tagallalary Arakçi bilen Rýabkowyň arasynda ara alnyp maslahatlaşylan beýleki temalar boldy.

Eýran we Orsýetiň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary ABŞ-nyň BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň ýatyrylan sanksiýalaryny dikeltmek baradaky tagallalaryny bikanun diýip atlandyrdylar.

Arakçi çarşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen Moskwa bardy.

Tags