Saud Arabystanynda adam hukuklarynyň bozulmagy we Amerikalylaryň oňa gapma-garşylykly çemeleşmeleri
(last modified Tue, 29 Dec 2020 09:44:26 GMT )
Dec 29, 2020 14:44 Asia/Ashgabat
  • Saud Arabystanynda adam hukuklarynyň bozulmagy we Amerikalylaryň oňa gapma-garşylykly çemeleşmeleri

Saud Arabystanynda adam hukuklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly köp sanly waka, soňky döwürde aýal hukuklary aktiwisti Loujain al-Hatloulyň alty ýyl azatlykdan mahrum edilmegi ABŞ-da negatiw reaksiýa döretdi.

 

Demokratik senator Kris Merfi sişenbe güni twit ýazyp, respublikan kanun çykaryjylarynyň Saud Arabystanyndaky adam hukuklarynyň bozulmagy baradaky dymmaklaryny tankytlady. " Loujain al-Hatloulyň syýasy yzarlamalaryny bes etmegiň  tersine, aýallaryň ulag sürmek hukugyny isleýändigi üçin , alty ýyl azatlykdan mahrum edildi".

 Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy respublikan senator Jim Riş hem , Loujain al-Hatloulyň işine jogap hökmünde "Saud Arabystanyň terrorçylyk kazyýetiniň adam hukuklaryny goraýjy aktiwisti bäş ýyl sekiz aý azatlykdan mahrum etmegine gynandym" -diýdi.

Saud Arabystanyň režiminde tankytçylary, jemgyýetçilik aktiwistlerini we garşydaşlaryny  tussag etmek we ýok etmek barada gaty negatiw taryhy bar. Ynsan hukuklary baradaky ýazgyda Saud Arabystanynda gynamalar, esassyz tussag edilmek, zor bilen ýitirim bolmak, adalatsyz kazyýet işi we adam hukuklaryny goraýjylara azar bermek bardir. Saud Arabystanyň harby koalisiýasy 2015-nji ýylyň mart aýyndan bäri Ýemene  garşy söweş alyp barýar, Ýemeniň parahat ilatyny öldürmek we raýat ýerlerini we desgalaryny bombalamak bilen köp jenaýat etdi.

Saud Arabystanyň režiminiň adam hukuklarynyň depelenmegini birnäçe gezek ýazgarýandygyna garamazdan, Waşington, Saud Arabystanyny ýaraga enjamlaşdyrmakda we Saud Arabystanynyň Ýemendäki eziji urşuny öňe sürmekde möhüm rol oýnady. Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Saud Arabystanynyň esasy ýarany hökmünde ,esasanam Donald Trumpyň döwründe adam hukuklarynyň gödek bozulmagyna ähmiýet bermän, ykdysady girdeji gazanmak üçin Saud Arabystanyna mümkin boldugyça köp ýarag satmaga synanyşdy.

Aslynda, Waşington, beýleki ýagdaýlarda bolşy ýaly, goşa standartlara eýerýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlary, garşydaşlaryny  adam hukuklaryny bozmakda aýyplaýar emma bir tarapdam hem,Saud Arabystany ýaly ýaranlaryna garşy iň ýokary derejede dymmak syýasatyny alyp barýar . Saud Arabystanynyň režimi 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Stambuldaky Saud konsullygynda meşhur žurnalist  Jamal Haşokçini rehimsizlik bilen öldürilmegi ýaly giňden ýaýran adam hukuklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly köp ýyllyk taryhy bardir.

  Elbetde, ABŞ-nyň prezidenti saýlanan Jo Baýden we käbir ýakynlary Saud Arabystanyna Trump administrasiýasyndan başgaça garaýarlar. Emma ABŞ-nyň dürli administrasiýalarynyň taryhy Waşington üçin Saud Arabystanynyň nebit dollaryny ulanmak ýaly strategiki bähbitleriň adam hukuklaryndan we demokratiýadan has möhümdigini görkezýär.

 

 

 

Tags