bölüm 1031, süre Mülk, aýat 25-30
bölüm 1031, süre Mülk, aýat 25-30
راهی بسوی نور (1031)
Mülk süresi, 25 , 26 we 27-nji aýatlar :
وَيَقُولُونَ مَتَى هَذَا الْوَعْدُ إِن كُنتُمْ صَادِقِينَ (25) قُلْ إِنَّمَا الْعِلْمُ عِندَ اللَّهِ وَإِنَّمَا أَنَا نَذِيرٌ مُّبِينٌ (26) فَلَمَّا رَأَوْهُ زُلْفَةً سِيئَتْ وُجُوهُ الَّذِينَ كَفَرُوا وَقِيلَ هَذَا الَّذِي كُنتُم بِهِ تَدَّعُونَ (27)
<< we (kapyrlar kyýamatyň wagty barada) aýdarlar “ eger dogry aýdýan bolsaň wadaň zamany haçan?” diýip. // (olara) aýt "kyýamatyň zamanyndan habarlary bolmak diňe allanyň ýanyndadyr we men diňe äşgär duýduryş berijidirin" diýip. // Onda şol wada berilen dowzahy ýakyn görenlerinde kapyrlaryň keşipleri tutuk we gelşiksiz boljakdyr we olara aýdyljakdyr: bu siziň dünýede masgaralap talap edýän zadyňyzdyr. >>
Ylahy pygamberleriň ýanynda kyýamaty inkär edýänleriň bahanalarynyň biriside şu bolandyr welin olar "eger siz dogry aýdýan bolsaňyz onda kyýamatyň gopjak zamanyny hem belli ediň" diýip aýdýanmyşlar. Aýatlaryň dowamy , kyýamatyň gopjak zamanyndan diňe alla tagala habarlydyr we hatda pygamberler hem onuň haçan ýüze çykjakdygyny bilýän däldirler diýip nygtaýar. Pygamberler diňe ylahy wähi esasynda ölümden soňraky dünýeden we kyýamatyň dikeljekdiginden habarly bolandyrlar we olar ilata şu ugurda hüşgärlik berip siz geljekde azaba duçar bolmajak bolsaňyz onda öz sözleriňize we çykyşlaryňyza habardar bolmalydyrsyňyz diýip aýdýandyrlar. şol günde , kyýamaty inkär eden kapyrlaryň keşipleri gelşiksiz we tutuk bolup öz eden etmişlerinden puşman boljakdyrlar. Sebäbi olar dünýede inkär eden zatlaryny gözleri bilen görjekdirler we ondan gaçyp başarjak däldirler.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- kyýamatyň gopjak zamanyny bilmesizlik onuň ýüze çykmajakdygyna delil däldir mysal üçin eger bir dost ýaryňyz siziň öýüňize geljek diýip aýtsa emma wagtyny belli etmese onuň gelmejekdiginiň delili bolmaýşy ýaly bu mesele hem şeýleräkdir.
2- pygamberleriň borjy allanyň sargydyny ýetiripde ilata duýduryş bermekden ybaratdyr emma olar , allanyň olara wähi etmedik zatlaryndan hiç bir zady özleri tarapyndan aýdýan däldir we pygamberler ýersiz ýere hiç bir zady toslap öňe sürmeýärler.
3- her bir meseläni bilmeklik ynsana zerur däldir şol sanda kyýamatyň zamanyndan habarly bolmak gerekli däldir, sebäbi eger onuň wagty daş we uzak bolsa , ynsanyň gyflata duş bolmagyna sebäp boljakdyr.
Mülk süresi, 28 we 29-njy aýatlar :
قُلْ أَرَأَيْتُمْ إِنْ أَهْلَكَنِيَ اللَّهُ وَمَن مَّعِيَ أَوْ رَحِمَنَا فَمَن يُجِيرُ الْكَافِرِينَ مِنْ عَذَابٍ أَلِيمٍ (28) قُلْ هُوَ الرَّحْمَنُ آمَنَّا بِهِ وَعَلَيْهِ تَوَكَّلْنَا فَسَتَعْلَمُونَ مَنْ هُوَ فِي ضَلَالٍ مُّبِينٍ (29)
<< eý pygamber! Olara aýt : maňa habar beriň eger hudaý meni we meň bilen bolanlary ýok etse, ýada bize rähm etse , kim kapyrlary howply azapdan halas edip pena berip biler?" diýip // aýt :ol rahman hudaýdyr, biz oňa iman getirdik we oňa töwekgel etdik . onda siz çaltlykda kimiň äşgär gümrälikdedigini biljeksiňiz. >>
Mekgäniň müşrükleri , hezreti resuly äkrem (s)ň dünýeden gaýtmagy bilen oňa eýerenler hem aradan gidip yslamdan hiç bir nam-nyşan galmaz mykam diýip garaşýardylar. Bu aýatlar şeýle permaýyş edýär: hezreti resul (s) we onuň ýaranlarynyň geljeginde her hili ýazgyt bolsada siziň geljegiňizde hiç hili täsir galdyrjak däldir we siz dünýe we ahyretdäki ylahy jezadan gutuljak dälsiňiz.
Pygamber we onuň ýaranlary aradan gitse siz ylahy gahardan aman bolarsyňyz mykam diýip guman etmäň, sebäbi hudaý elmydama bardyr we onuň gudratyndan zerreçe kemeljek däldir, biz şeýle bir hudaýa imanlydyrys we özümizi , her hili maslahat bilse şonuň esasynda dolandysyn diýip oňa tapşyrandyrys, biz oňa töwekgel edip onuň isleglerine boýun bolandyrys emma syz allaga kapyr bolýarsyňyz, kim sizi onuň gahar gazabyndan gutuldyryp biler?
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapakalary :
1- yslamyň duşmanlary , iman ähli bolanlaryň heläk bolmagyny arzu edýändirler emma hudaýyň yradasy olaryň arzuwyndan ýokarda durýandyr we olar özlerini ylahy gahardan gutuldyrmagyň pikrinde bolmalydyrlar.
2- hudaýa imanly bolmagyň şerti , oňa töwekgel edip boýun bolmakdyr, sebäbi ol rahman hudaýdyr we haýyrdan başgany bendelerine isleýän däldir.
3- kapyrlara hiç bir gaçalga ýok mahaly we ylahy azaplara duş bolan zamanlary öz gümradyklaryndan habarly boljakdyrlar.
Mülk süresi, 30-njy aýat :
قُلْ أَرَأَيْتُمْ إِنْ أَصْبَحَ مَاؤُكُمْ غَوْراً فَمَن يَأْتِيكُم بِمَاء مَّعِينٍ (30)
<< aýt : maňa habar beriň, eger siziň içýän suwňyz ýere siňip gitse size datly we akyp barýan suwy kim taýýarlajak? >>
Mülk süresiniň iň soňky aýaty bolan bu aýat , ylahy rahmatyň nyşanalaryndan ýene birine yşarat edip şeýle permaýyş edýär: çeşmeler , goýlar we kärizler , ylahy hekmet bilen ýylyň boýunda size gerek bolan suwlary üpjün edýärler sebäbi siziň aýaklaryňyzyzň astynda bolan ýer şary 2 hili tapawutly gatdan gurlandyr birine suw siňýändir, ol birine bolsa suw siňip bilýän däldir we ol ikinji gat suwlary sizler üçin süýşirip saklaýandyr. Eger ýeriň gatlarynyň hemmesine suw siňsedi suw adam oglunyň el ýeterliginde bolmazdy we egerde deslapky gata suw ornap başarmasady onda suw ýer şaryny gurşap alardy we ýer bir batgalyga öwrülerdi netijede ynsan üçin ýaşamaga ýada ekerançylyk etmäge munasyp ýer bolmazdy we adam oglunyň ýaşaýyşy tutuşlaýyn böwede duçar bolardy. Emma alla tagala öz hekmeti bilen suwlary ýere siňdirip toprak we çäge bilen arassalap durlaşdyrýandyr soň olary adam oglunyň gerek suwny üpjün eder ýaly ýer astdy çeşmelerde süýşürip goýýandyr.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:
1- imanly ynsan gorky we umydyň arasynda ýaşaýandyr ol maddy nygmatlara ýürek baglaýan däldir we elmydama şeýle bir nygmatlaryň elden gitmek ätimälni göz öňüne alyandyr ýöne şonda-da onuň hudaýa bolan umydy ýok bolup özülýän däldir, sebäbi onuň hakydasyna görä eger perwerdigär bir gapyny hekmet ýüzünden ýapsa öz rahmaty bilen ýene bir gapyny aşjakdyr.
2- hudaýy inkär edýän adamlar, eger bir gün ýagyn ýagmasa we ýer şary gurakçylyga duş bolmasa suwsyz galyp kimden ýagyşy talap etjekdirler?
////////////
Mülk süresiniň soňy