Jul 08, 2021 20:20 Asia/Ashgabat
  • Ruhani täze korona tolkunynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin çäreleri görmegiň zerurdygyny aýtdy

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti täze korona tolkunynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani penşenbe güni Korona garşy Milli baş edaranyň ýöriteleşdirilen komitetleriniň ýolbaşçylarynyň ýygnagynda beren gürrüňlerinde, Düzgünleşdiriji guramalar we edaralar tarapyndan gözegçiligi güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmeli şeýle hem, saglyk nokatlary berjaý edilmese, keseliň täze netijeleri we onuň ýaýramagy barada halka has köp maglumat bermek gerekdyr diýdi.

Prezident Ruhani waksina üpjünçiligi we önümçilik babatynda görülýän meýilnamalara we çärelere salgylanyp, daşary ýurt sanjymlarynyň importyny köpeltmek we içerki sanjymlaryň önümçiligini güýçlendirmek bilen bar bolan kynçylyklara we päsgelçiliklere garamazdan sanjym amallarynyň has çalt geçiriljekdigine umyt bildirdi.

Korona garşy Milli ştabyň ýöriteleşdirilen komitetleriniň ýolbaşçylarynyň ýygnagy Hasan Ruhaniniň gatnaşmagynda geçirildi.

Bu ýygnakda, Korona garşy milli merkeziň iş merkezi, şeýle hem Saglyk, derman, howpsuzlyk we jemgyýetçilik komitetleri Eýranyň dürli ýerlerinde keseliň ýagdaýy barada hasabatlaryny hödürlediler we keseliň bäşinji tolkunyna gözegçilik etmek we onuň öňüni almak üçin görülen çäreler, gözegçilik we çäklendirmeler barada maglumat berdiler.

Tags