Jan 19, 2023 18:23 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň parlament wekilleriniň IRGC-nyň adyny terrorçylyk guramalarynyň sanawyna girizmek baradaky Ýewropa Parlamentiniň hereketine eden reaksiýasy

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň wekilleri Ýewropa Parlamentiniň Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň adyny "terrorçylyk guramalary" sanawyna girizmek baradaky şerçilikli hereketini ýazgardy.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Ýewropa Parlamentiniň Ýewropa Bileleşigine Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň adyny "terrorçylyk guramalary" sanawyna goşmak baradaky duşmançylykly haýyşyndan soň, Yslam Şura Mejlisiniň birnäçe wekili Ýewropa Parlamentiniň işini ýazgardy we Ýewropa mundan beter sionistleriň we Amerikanyň jenjenli ýalanlaryna aldanmasyn we çykalgasyz duzagyna düşmesin diýip yglan etdiler.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň wekilleri "Sepah Pasdaranyň ezilen halklaryň güýçli goly we Günbatar Aziýa sebitinde terrorçylygy ýok etmekde iň möhüm faktor" bolýandygyny nygtamak bilen Ýewropa Bileleşigi garaşsyz erkiniň ýokdugyny we sionistlere eýerýändigini subut etdi; Ýewropanyň hasaplaýyş ýalňyşlygy Yslam Şura Mejlisiň aýgytly jogaby bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny aýtdylar.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň wekilleri şeýle-de Ýewropanyň garaşsyz däldigini görkezýän gahar sebäpli dörän syýasy hereket Eýranyň mejlisi tarapyndan hem jogapsyz galmaz diýdi.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň soňky bidüzgünçilikler wagtynda Iňlis içaly gullugy bilen baglanyşykly torda eden hüjümi we Eýranyň kazyýeti tarapyndan Iňlisiň gizlin gullugynyň içalysy "Alireza Akbariň" ölüme jezalandyrylmagy Ýwropa häkimiýetleri, esasanam London hökümeti gaty biynjalyk etdi we bu Eýranyň resmi guramasynyň adyny terrorçy toparlaryň sanawyna girizmek üçin edilýän basyşlary artdyrdy.

Tags