Apr 14, 2023 02:26 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Riýaddaky ilçihanasynyň gapysynyň açylmagy

Eýranyň Riýaddaky ilçihanasynyň gapysynyň açylmagy; Eýran Yslam Respublikasy bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky şertnamany durmuşa geçirmekde täze ädimdir.

Eýranyň Riýaddaky ilçihanasyny 7 ýyla golaý wagtdan soňra açyldy.

Eýran Yslam Respublikasy bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky resmi gatnaşyklary we iki ýurduň syýasy we konsullyk wekilhanalarynyň diplomatik işlerini dowam etdirmek baradaky şertnamanyň ýerine ýetirilişine laýyklykda Eýranyň tehniki wekiliýeti çarşenbe güni Riýada geldi we Saud Arabystanynyň işgärleri tarapyndan garşylandy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani" -niň habar bermegine görä, Riýaddaky ilçihanany we Jiddedäki konsullygy açmak üçin Eýranyň wekiliýetinden iki iş topary zerur çäreleri görer. Şenbe güni Eýrana gelen Saud Arabystanynyň tehniki wekiliýeti  bu ýurduň konsullygyny açmak üçin Maşhada ugraýar.

Eýran Yslam Respublikasy bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary dikeltmek baradaky şertnama Günbatar Aziýada bolup geçen iň möhüm syýasy we diplomatik waka hasaplanýar we sebitdäki özgerişlere oňyn täsirleri sebäpli goňşy ýurtlar tarapyndan garşylandy. Bu gatnaşyklar, iki esasy nebit döwleti we iki möhüm yslam döwleti hökmünde Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasynda täze syýasy we ykdysady gatnaşyklary emele getirmekden başga-da, ykdysady peýdalardan başga-da sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň Siriýa we Ýemen ýaly ýurtlardaky krizislere kömek etmekde  sebäp bolup biler.

Başga sözler bilen aýdylanda, Pekindäki Tähran bilen Riýadyň arasyndaky ylalaşyk, Amerikanyň abraýynyň we täsiriniň pese gaçýandygyny görkezýändir. Bu ýlalaşyk şeýle-de Günbatar Aziýada dartgynlylygy döredýän beýleki meseleleriň çözülmegi üçin başlangyç bolup biler.şeýle-de sebitde Hytaýyň Günbatar Aziýadaky ornunyň  güýçlenmegini aňladar. Mysal üçin, Saud Arabystanyň şazadasy Muhammet bin Salman Siriýanyň prezidenti Başar al-Asady Arap Bileleşiginiň sammitine çagyrmak kararyny yglan etdi, Emma,Waşington Başar al-Asadyň hökümeti bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagyna garşydyr. Tähran bilen Riýadyň arasyndaky ylalaşyk Şeýle hem, Saud Arabystany bilen Ýmenlileriň arasynda sebitdäki iň möhüm krizisleriň çözülmegine umytlary artdyrdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň sebitleýin we halkara izolýasiýa syýasatynyň şowsuzlygy meselesi, Eýran Yslam Respublikasy bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky gatnaşyklaryň gaýtadan dikeldilmeginiň strategiki netijelerinden biridir .

 

Tags