May 11, 2023 13:37 Asia/Ashgabat

Eýranyň we Yragyň nebit ministrleri serhet nokatlarynda bilelikdäki nebit ýataklarynda maýa goýmak barada özara düşünişmek memorandumyna gol çekdiler.

EýranPress gullugynyň penşenbe güni beren habaryna görä, Yragyň premýer-ministri Muhammet Şia al-Sudanyň gatnaşmagynda Eýran Yslam Respublikasy we Yrak Respublikasynyň Nebit ministrleri serhet ýakalarynda ýerleşýän bilelikdäki nebit ýataklarynda maýa goýumlary barada we Yragyň nebit ýataklaryndan çig nebit çykarmak, soňra bolsa arassalamak barada özara düşünişmek memorandumyna gol çekdiler.

Yragyň premýer-ministriniň edarasynda gol çekilen bu düşünişmek memorandumynda Eýran Yslam Respublikasynyň Yragyň nebithimiýa pudagyna we nebit ministrliginiň işgärlerini taýýarlamaga çynlakaý gatnaşjakdygy hem ylalaşyldy.

Yrakly kärdeşi Haýan Abdul Ganiniň çakylygy boýunça Bagdada giden Eýranyň nebit ministri Jawad Oji, Yragyň elektrik ministri bilen hem aýratyn duşuşdy we Yragyň Bagdatda we bu ýurduň günortasyndaky elektrik stansiýalary üçin gaz üpjünçiliginiň satuwyny we eksportyny artdyrmak barada özara düşünişmek memorandumyna gol çekdi.

Tags