Jun 20, 2023 21:32 Asia/Ashgabat
  • Kataryň emiri: Eýran bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösmegini gözleýäris

Kataryň emiri, Eýranyň Katar üçin sebitdäki aýratyn pozisiýasyna ünsi çekip, Eýranyň daşary işler ministri bilen duşuşygynda: Biz Eýran bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösmegini gözleýäris diýdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian, şu gün öýlän Kataryň emiri "Tamim bin Hamad Al Thani" bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.

Owganystandaky wakalar, Palestina we sebit meselesi bu duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan iň möhüm temalardan boldy.

Bu duşuşykda Eýranyň Daşary işler ministri Kataryň soňky ýyllarda sebitiň meselelerini çözmekde alyp barýan işlerine we başlangyçlaryna ýokary baha berdi we iki ýurduň arasyndaky ýakyn syýasy gatnaşyklar derejä laýyklykda iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.

Kataryň emiri hem sebit deňlemelerinde Eýranyň Katar üçin aýratyn ornunyň bardygyny aýtdy we iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini aýtdy we Eýran bilen Kataryň arasyndaky gatnaşyklary berk we yhlasly diýip atlandyrdy.

Tamim Bin Hamad Al-Tani ykdysady gatnaşyklaryň ösýändigini aýtdy we Doha Eýran bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösmegini gözleýär diýdi.

Tags