Aug 02, 2023 18:41 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşky gurşaw guramasynyň başlygy: Talyban şu wagta çenli Eýrana bary-ýogy 15 million litr suw goýberdi

Eýranyň daşky gurşaw guramasynyň başlygy Owganystanyň hökümdarlary Hirmand suwuny boşatmak baradaky şertnamany kabul etmek barada gürleşseler-de, iş ýüzünde 820 million litr ýerine diňe 15 million litr suw boşadyldy diýdi.

1972-nji ýylda Eýranyň we Owganystanyň şol wagtky häkimiýetleri tarapyndan gol çekilen Hirmand şertnamasyna görä, Eýranyň Hirmand derýasynyň suwunyň paýy ýylda 820 million kub metre we sekuntda 26 kub metre deňdir, bu, elbetde, dürli aýlar we pasyllarda üýtgeýär.

Eýranyň metbugat habar gullugynyň habaryna görä, çarşenbe güni hökümet geňeşiniň mejlisiniň çäginde Eýranyň Daşky gurşawy goramak guramasynyň başlygy Ali Salajegeh habarçylar bilen söhbetdeşlikde Owganystanyň dolandyryş geňeşinden birnäçe gezek Hirmanddan suw hukuklary barada ýygnak geçirmekligi isledik emma Owganystanyň hökümet resmileri kabul etmediler diýdi.

Eýranyň Daşky gurşawy goramak guramasynyň wise-prezidenti we başlygy, Energetika ministrliginiň hökümetiň adyndan Eýranyň suw hukuklaryny Hirmanddan almak ugrundaky zerur yzarlamalara jogapkärdigini aýtdy.

Tags