Oct 06, 2023 12:59 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahýanyň, Homs welaýatynyň söweş kollejine edilen terrorçylykly hüjümden soň Siriýa halkyna duýgudaşlyk bildirdi

Eýranyň daşary işler ministri siriýaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Siriýanyň Homs welaýatyndaky söweş kollejine edilen terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Düýn (penşenbe) terrorçylyk toparlary Homs welaýatynda (Siriýanyň günbataryndaky) söweş kollejiniň afiserleriniň okuwlaryny gutaryş dabarasyna pilotsyz hüjümler bilen hüjüm etdiler.

Siriýanyň hökümeti bu terrorçylykly hüjümde ölenleriň sanyny 80 we ýaralananlaryň sanyny 240 diýip yglan etdi.

Bu mesele bilen baglanşykda Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň daşary işler ministri Hüseýin Amir Abdollahian, Siriýanyň Daşary işler ministri Faýsal Mekdad bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Homs welaýatynyň uruş kollejine edilen terrorçylykly hüjümi ýazgarmak bilen, Siriýanyň hökümetine, goşunyna we bu hüjüme garşy durýan halkyna gynanç bildirdi.

Siriýanyň Daşary işler ministri, Eýranyň Daşary işler ministrine telefon edenligi üçin minnetdarlyk bildirip, Homs welaýatynda Siriýanyň goşun ofiserleriniň gutaryş dabarasyna edilen terrorçylykly hüjümiň ölçegleri barada düşündiriş berdi.

Faýsal Mekdad şeýle hereketleriň arkasynda ABŞ tarapyndan goldanýan terrorçy toparlaryň bardygyny aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasy hem Siriýanyň Homs şäherindäki harby kollejine pilotsyz uçaryň hüjümini ýazgardy.

Tags