Oct 26, 2023 16:45 Asia/Ashgabat

Eýranyň Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň serkerdesi: Al-Aqsa tupany Ysraýyl we Amerika üçin iň uly ýeňlişe öwrüler diýdi.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi general-maýor Huseýin Salami şu gün penşenbe Razawi Horasan welaýatynyň (Eýranyň demirgazyk-gündogary) Maşat şäherinde geçirilen Agzybirlik şehitleriniň ýygnagynda Palestindäki wakalara ünsi çekip Günbatar hökümetleriniň ýolbaşçylarynyň Tel Awiwdäki sapary Ysraýylyň jesedine emeli dem salmak hökümindedir we Ysraýyl bilen Amerikanyň jenaýatlary dowam etse, akymlar üýtgär diýdi.

Eýranyň Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň serkerdesi sözüniň dowamynda Al-Aqsa tupan operasiýasyndaky ýeňliş ABŞ, Angliýa we Ysraýyl bilen baglanyşykly ýatdan çykmajak, geň galdyryjy we ajaýyp ýeňlişleriň biri boldy diýdi.

General-maýor Salami ganhor Ysraýyl režiminiň ýeňilmegini Palestina halkyny gyrana bermek  bilen öwezini dolup biler mykam diýip güman edýändigine yşarat edip häzirki wagtda Palestinde bolup geçýän wakalar Amerikanyň boýnunadyr, Amerikalylar birnäçe ýyl bäri basyp alyjy režimi demokratiýanyň perişdeleriniň biri hökmünde tanatmaga we olar üçin keşp döretmäge synanyşandyrlar.

Agzybirlik şehitleriniň hatyrasy Nur Ali Şuştri we Rajab Ali Muhammetzadehiň we Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň 40 serkerdesi, sünni taýpalarynyň ýolbaşçylary we şaýy we sünni halkynyň bir toparynyň şehit bolmagynyň ýyl dönüminde bellenilýär. Olar1388-nji ýylyň 26-njy Meher aýynda Sistan we Bulujystan welaýatynyň (Eýranyň günorta-gündogary) "Sarbaz" şäheriniň "Pişin" sebitinde bolup geçen terrorçylykly partlama netijesinde şehit boldylar.

Tags