Dec 27, 2023 22:16 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda söwda we syýasy gatnaşyklaryň giňelmegine ünsi çekdiler.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian, Ermenistanyň Daşary işler ministri Ararat Mirzoýan bilen metbugat ýygnagynda Tähran bilen Ýerewanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýändiklerini aýtmak bilen Ermenistan konsullygy Gündogar Azarbaýjan welaýatynyň (demirgazyk-günbatar) merkezi Töwrizde açylýar diýdi.

Bu metbugat ýygnagynda Eýranyň Daşary işler ministri Günorta Kawkazda (Azerbaýjan, Ermenistan) parahatçylyk gepleşikleriniň daşary ýurt güýçleriniň päsgelçiliksiz tamamlanjakdygyna umyt bildirdi we bu ugurda Eýranyň möhüm roluna yşarat edip, Şunuň bilen baglylykda Tähran Demirgazyk-Günorta tranzit ýoluny we Parahatçylyk çatrygyny berkitmäge synanyşýar diýdi.

Eýranyň Ermenistanyň territorial bitewiligini elmydama goldaýandygyny mälim eden Amir Abdollahian Tähranyň Ermenistan bilen hemişe taryhy we möhüm gatnaşygy bardy we ony gowulaşdyrmak isleýändigini aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministri şeýle-de Sionist režimiň palestinalylara garşy eden jenaýatlary barada durup geçip, Amerika Gazadaky genosidden abraýly çykmak isleýän bolsa, Sionist  režimine berýän giň harby goldawyny derrew bes etmelidigini duýdurdy.

Ermenistanyň Daşary işler ministri Ararat Mirzoýan bu metbugat ýygnagynda Ermenistan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlarda gowulaşjakdygyny, esasanam ikitaraplaýyn we sebit söwda dolanyşygyň göwrüminiň ýokarlanmagyny nygtady.

Mirzoýan Ermenistan parahatçylyk gepleşiklerini tutanýerlilik bilen gözleýär we Ýerewan Azerbaýjan respublikasy bilen uzak möhletli parahatçylygy goldaýandygyny birnäçe gezek yglan edendir diýdi.

Tags