Mar 04, 2024 10:23 Asia/Ashgabat
  • Eýran Ysraýylyň Mossady üçin işleýän terroristi jezalandyrdy

Pars today - Eýranyň Goranmak ministrliginiň Yspyhanadaky ussahanasyny partlatmagy meýilleşdiren Mossad terrorçysy jezalandyryldy.

2023-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda  Eýranyň goranmak ministrligi bir bildirişi ýaýradyp, Eýranyň Goranmak ministrliginiň ussahanalarynyň birinde ownuk uçarlar arkaly amala aşyrlan şowsuz hüjüme yşarat edip çaklamalar we goranyş çäreleri esasynda, bularyň biri toplumyň howa goragy  uçar bilen uruldy, beýlekileri gorag duzaklaryna düşdi diýip yglan etdi.

Şu esasda, Yspyhanyň baş kazysy Hojjat-ul-Islam we Al-Muslimin Jafari, şowsuz hüjümden soň  Mossadyň bu terrorçysy galp şahsyýet bilen Eýrany terk edýär we ahyrsoňy 13 gün soň kazyýetiň we howpsuzlyk güýçleriniň tagallalary bilen  goňşy ýurtlaryň birinde gola salynýar Netijede, bu terrorçynyň ölüm jezasy 2024-nji ýylyň 3-nji martynda ýerine ýetirildi diiýp yglan etdi.

 

Tags