Apr 11, 2024 20:03 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň ,yslam ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklarynyň ýokarlan tendensiýasynyň dowamy

Eýranyň 13-nji hökümetinde ,yslam ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklarynyň ýokarlandyrmak tendensiýasy dowam tapýar.

  Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gullugynyň başlygy"Muhammet Rizwanifar": Eýranyň 1402-nji ýylda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 56 agzasy bilen söwdasy 19 göterim ýokarlanyp, 61 milliard dollara ýetdi diýdi. ​​​​​​​

Muhammet Rizwanifar" sözüniň dowamynda ,Eýranyň 1402-nji ýylda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary bilen alyp barýan umumy söwdasyndan 29 milliard dollar eksporta, 32 milliard dollar importa degişli diýdi.

Geçen ýyl Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalarynyň arasynda Eýranyň eksportynyň iň köp mukdary Yrak, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Päkistan, Owganystan, Oman, Indoneziýa we Azerbaýjan Respublikasyna boldy.

Bu döwürde Kamerun, Gambiýa, Müsür, Bruneý we Ýemen ýurtlaryna Evranyň eksporti iň köp artandyr.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, 57 ýurtdan agza bolmak bilen dört kontinente ýaýran Birleşen Milletler Guramasyndan soň ikinji hökümetara guramadyr.

Dünýädäki musulman ilaty iki milliarddan gowrak adam bolup, dünýä ilatynyň 25% -den gowragyny emele getirýär.

Bu ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmak üçin yslam ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselesi, geçen sammitlerde göz öňünde tutulan agza döwletleriň ýene bir möhüm islegidir.

Bu guramanyň Agza ýurtlaryň ykdysady ýagdaýyna seretseň, 57 ýurduň halkara derejesini ýokarlandyrmak üçin möhüm mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyň görmek bolýar.

Dünýädäki ykdysady merkezleriň esasy ýangyjy bolan nebitiň umumy önümçiliginiň mysaly hökmünde, ýetmiş göterimden gowragy bu guramanyň agza ýa-da synçy ýurtlarynda öndürilýär.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyny meýilleşdirijiler soňky ýyllarda yslam ýurtlarynyň arasyndaky söwdany mümkin boldugyça giňeltmäge synanyşdylar.

Yslam ýurtlarynyň köpüsiniň geografiki taýdan Demirgazyk-Günbatar Afrikadaky Magrebden Günorta-Gündogar Aziýada Indoneziýa çenli biri-biri bilen baglanyşyklydygy sebäpli, geosyýasy nukdaýnazardan seredeniňde, harytlary, zähmeti we zerur enjamlary aňsatlyk bilen alyş-çalyş etmek we geçirmek üçin aýratyn pozisiýa berildi. Bu mümkinçilik yslam ýurtlarynyň arasyndaky wizalaryň ýatyrylmagy, gümrük nyrhlarynyň aýrylmagy ýa-da arzanladylmagy bilen baglanyşykly bolsa, agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklarda düýpli üýtgeşiklik döredip biler.

Yslam jemgyýetiniň içindäki mümkinçilikleri halal markasyna gönükdirilen bazar döretmek üçin birnäçe çözgüt teklip edildi. Halal markasy ähli yslam ýurtlarynyň arasynda umumy marka bolup, bu mümkinçilikleri musulman ýurtlarynyň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin iň oňat usulda ulanyp biler.

Şol bir wagtyň özünde, Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasat enjamlary, halkara ulgamynyň bir polýar ulgamdan köp polýar sistema geçişine üns berip, kadalary we adalatlylygy emele getirmek üçin yslam ýurtlary bilen ýakynlaşmagyň we hyzmatdaşlygyň zerurlygyny üns bilen synlaýar.

 

Tags