Apr 22, 2024 17:04 Asia/Ashgabat
  • Ysraýylyň sebitdäki islendik ýalňyş hasaplamalaryna Eýranyň jogab berjekdigi

Eýran Yslam Respublikasy, Sionist režimiň başdan geçirmeleri barada duýduryş berdi .

Eýran Yslam Respublikasy, Sionist režimiň başdan geçirmeleri barada duýduryş berdi we  onuň ýalňyş hasaplamalaryna has berk jogap berjekdigini aýtdy.

 geçen 14-nji aprel-de Sionist režimiň Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümine eden hüjümine jogap hökmünde Yslam Ynkylap Gwardiýasy goşunlary basyp alnan ýerlerdäki harby nyşanalara ýüzlerçe pilotsyz uçar we raketa atdy. Eýranyň bu ar alyşly hujumy metbugatyň we dünýäniň jemgyýetçilik pikiriniň ýanynda giňden ýaňlandy. Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary derejeli harby we syýasy işgärlerişol sanda prezidenti, aýry-aýry beýanatlarda sionist duşmanyň Eýrana garşy hujumlaryna Eýran derrew we giňişleýin jogap berer diýendir. Bu mesele bilen baglanyşykly soňky teswirde, Eýranyň Daşary işler ministri Hosseýn Amirabdollahiýan golaýda Maltanyň Daşary işler ministri Boran Borg bilen duşuşdy.Malta ýurdy Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň aýlanýan prezidentligini eýeleýär .bu duşuşykda Eýranyň Daşary işler ministri Hosseýn Amirabdollahiýan Eýranyň soňky döwürde Ysraýylyň Siriýadaky Eýranyň konsullygyna eden hüjümine garşy harby hereketiniň kanuny goranmak çäginde amala aşyrylandygyny aýtdy. Eýranyň daşary işler ministri, sionistleriň Yslam respublikasynyň bähbitlerine garşy başdan geçirmeleri gaýtalansa, Tähranyň berjek jogabynyň öňküsinden has çalt we aýgytly boljakdygyny aýtdy.

BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş bilen Nýu-Yorkda geçirilen duşuşykda Eýranyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň ýaragly güýçleriniň sionist režimiň harby pozisiýalaryna garşy kanuny goranyş we halkara hukugynyň çäginde alyp barýan işine garady we Eýranyň has giň hüjüm amala aşyrmaga ukyplydy,ýöne diňe Sionist režimiň harby pozisiýalarynyň bir bölegini, Eýranyň Damaskdaky ilçihanasyna hüjüm edilen ýerini nyşana aldy diýendir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary "Antonio Guterreş",hem  sionistleriň jenaýatlary sebäpli Günbatar Aziýada, esasanam Gazada bolup geçýän wakalara çuňňur alada bildirdi we diňe bir ýalňyşlygyň tutuş sebit üçin we dünýä üçin zyýanly bolup biljekdigini aýtdy.  

 

Tags