Apr 25, 2024 11:33 Asia/Ashgabat
  • Ilkinji etnik jebislik we raýdaşlyk baýramy doganlyk şäheri Bandar Türkmende geçirildi

Bandar Türkmeniň doganlyk topragynda etniki jebislik we raýdaşlyk ady bilen ilkinji festiwal, Gazagystanyň we Türkmenistanyň konsul başlyklarynyň we ýürt jogapkärleriniň birnäçesiniň gatnaşmagynda 5-nji maýda çarşenbe güni Bandar Türkmen şäheriniň Magtymguly Pyragy adyndaky meýdanynda geçirildi.

Türkmenistanyň Eýrandaky konsul başlygy Ylýas Gaýybow bu çärede eden çykyşynda Magtymguly Pyragynyň ady dakylan meýdanda çykyş etmegi özüne uly buýsanç hasaplap bu hili çäreleriniň geçirilmeginiň dostluk- doganlyk gatnaşyklaryň berkemegine şert döretjekdigini aýtdy.

Gaýybow şeýle-de bu hili çäreleriň dowam etdirilmegini we milletler arasyndaky jebisligiň we raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna şert döredilmeginiň nygtady.

Gazagystanyň Eýrandaky konsul başlygy Ýerbol Ahmedow hem bu dabarada eden çykyşynda Eýran- türkmen-gazak gatnaşyklarynyň dostlukly- doganlukludygyna yşarat edip bu hili çäreleriň dyngysyz dowam etdirilmegini nygtady.

aýtmak ýerli bu çäräniň ýanynda türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň "Aly bilen Gökje kepder" adyndaky goşgysy kitap şeklindžki daşyň ýüzüne ýazylyp ýadygärlik goýuldy.

bu çäräniň gidişinde şeýle-de türkmen- gazak hünärmenleri we sungat eýeleri çykyş etdiler.