May 07, 2024 12:49 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahýanyň palestina halkynyň we garşylyk toparlarynyň sionistlere garşy  durmaklaryny öwdi

Eýranyň Daşary işler ministri, Palestina halkynyň we Sionist režime garşy söweş toparlarynyň gahrymançylykly pozisiýasyny we soňky ýedi aýda bu režimiň Gaza zolagyna garşy söweşinde çydamyny öwdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, duşenbe güni agşam Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Palestina Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) syýasy bölüminiň başlygy Ysmaýyl Haniýe bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasynyň halkara forumlarda Palestini we garşylygy goldamak şol sanda Gambiýada Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň 15-nji sammitine işjeň gatnaşmak baradaky diplomatik hereketleri barada hasabat hödürledi.

Şeýle hem Amir Abdollahian, Palestina halkynyň hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi, şol sanda sionist režimiň jenaýatlarynyň derrew we hemişelik bes edilmegi, Gaza garşy rehimsiz gabawyň ýatyrylmagy, tussaglaryň alyş-çalşygy, basyp alyjy Ysraýyl güýçleriniň Gaza zolagyndan doly we şertsiz çykarylmagy we söweşiň harabalyklarynyň täzeden gurulmagy üçin hödürlenen meýilnamany Eýran Yslam Respublikasynyň goldaýandygyny aýtdy.

Haniýe, Hamasyň haýsydyr bir syýasy ylalaşyk üçin Palestina halkynyň hukuklaryny goramakdaky pozisiýasyna ünsi çekdi we garşylygyň niýetinde çyn ýürekden bardygyny aýtdy.

Palestina Yslam Garşylyk Hereketi (Hamas) duşenbe güni agşam Müsür we Kataryň ot açyşlygy bes etmek baradaky teklibini, şol sanda sionist režimiň jenaýatlaryny derrew we hemişelik bes etmegi, Gaza zolagyna garşy rehimsiz gabawy ýatyrmagy, tussaglaryň alyş-çalşygy, Ysraýylyň basyp alyjy güýçleriniň zolakdan doly we şertsiz çykarylmagy we uruş harabalyklarynyň täzeden gurulmagy baradaky teklibini kabul edendigini habar berdi.