May 07, 2024 14:53 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Eýran bilen Agentligiň arasyndaky hyzmatdaşlyga ABŞ-nyň durnuksyz hereketleri täsir etmeli däldir

Eýranyň Daşary işler ministri, Amerikanyň Eýranyň parahatçylykly ýadro programmasy bilen baglaşylan öňki ylalaşyklara bolan ynamynyň pesdigini belläp, Eýran bilen Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga Amerikanyň durnuksyz we gapma-garşylykly çemeleşmesi we özüni alyp barşy täsir etmeli däldigini aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian, Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygynyň çakylygy boýunça Eýranyň 30-njy Milli ýadro Konferensiýasyna we birinji ýadro ylymlary we tehnologiýalary boýunça halkara konferensiýa gatnaşmak üçin Tährana gelen Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri Rafael Grossi bilen duşuşanda, Agentligiň baş müdiriniň bitarap we perfeşinal derejesini kabul etmegi Eýran bilen bu halkara guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga täsirli kömek bermekden başga-da, sebitdäki howpsuzlygyň we hemişelik durnuklylygyň dikeldilmegi üçin hem täsirli boljakdygyny aýtdy.

Eýranyň diplomatik gullugynyň başlygy Sionist häkimiýetleriň atom bombalaryny ulanmagynyň käbir howplaryny sebit we halkara parahatçylyga we howpsuzlyga aç-açan howp hökmünde hasaplady we Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň ýadro ýaraglary bilen haýbat atýan bu režimiň işgärleriniň şeýle howply sözleriniň öňünde iň möhüm borjuna ünsi çekdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň ornunyň we rolunyň möhümdigini aýtmak bilen Eýranyň Agentlik bilen hyzmatdaşlygy özüniň dogry ugurunda dowam etmelidir we şol bir wagtyň özünde bu hyzmatdaşlygyň jogabynda açylyşlaryň dörejekdigini aýtdy.

Halkara atom energiýasy gullugynyň baş müdiri hem Eýrana eden saparyndan hoşaldygyny aýtdy we Yslam respublikasynyň sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekdäki ornuny we roluny möhüm hasaplady we bu ugurda Agentlik bilen ynandyryjy hyzmatdaşlygy ykrar etmekde we berkitmekde Eýranyň çemeleşmesine baha berdi.

Rafael Grossi şeýle-de Eýran bilen IAEA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmeginiň haýsydyr bir delil we bahana bilen sebitdäki konflikti, dartgynlygy we gapma-garşylygy güýçlendirmek isleýän taraplaryň şowsuzlyga sebäp boljakdygyny aýtdy.