May 07, 2024 17:27 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy: Duşmanlar Eýranyň Atom Energiýasy Guramasy bilen gatnaşyklaryna kembaha garaýarlar

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy, erbet niýetli adamlar ýaramaz we weýran ediji edebiýatlar bilen Eýranyň Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen edýän gatnaşyklaryna kembaha garaýandyklaryny aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, sişenbe güni Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Muhammet Eslami Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri Rafael Grossi bilen Eýranyň ýadro ylymlary we tehnologiýasy atly Ysfahanda geçirilen ilkinji halkara konferensiýanyň çäginde bilelikde metbugat ýygnagynda, Agentligiň baş müdiriniň Eýranda bolmagy, gorag we "NPT" görnüşinde iki tarapyň arasynda dowam edýän gatnaşyklaryň bir bölegi hökmünde bolýandyr diýdi.

Eslami, Eýranyň ýadro ylalaşygyndan çekilmändigini, emma Amerikanyň bu halkara şertnamadan ýüz öwürendigini we borçlaryny ýerine ýetirmändigini aýtmak bilen beýlekileriň şol sanda Ýewropa ýurtlarynyň üçüsine hem öz borçlaryny ýerine ýetirmegine rugsat bermedi diýdi.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy, Eýranyň ýadro ylalaşygynda ak ýürekden galandygyny we borçlaryny birtaraplaýyn ýerine ýetirendigini aýtmak bilen indi bolsa ýadro ylalaşygyň 26-njy maddasyna esaslanyp borçnamalaryny azaltdy diýip yglan etdi.

Rafael Grossi düýn bäri Eýranyň baş gepleşikçisi we daşary işler ministri bilen örän möhüm duşuşyklaryň geçirilendigini we Eýranyň häkimiýetleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek barada pikir alyşandygyny aýtdy.

Grossi kemçiliklere we inim-çykymlara garamazdan interaktiw prosesiň bardygyny we amaly ädimler Agentlik bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekdäki ugruny aýdyňlaşdyrjakdygyny aýtdy.

Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri, Eýranyň ýadro programmasynda Ysraýylyň weýran ediji roly baradaky aladasy barada gürrüň gozgap, Agentlik daşary ýurtly aktýorlara däl-de, sebitleýin bähbitlere we howpsuzlyga üns berýär we çäreleri görmek bilen Eýranyň ýadro programmasyndaky şübheleri aýyrmaga synanyşýar diýdi.