Nov 25, 2023 14:23 Asia/Ashgabat
  • Riýad: Sebitdäki durnuklylygy üpjün etmek üçin Eýran bilen hyzmatdaşlyk edýäris

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary sebitde durnuklylygy üpjün etmek üçin Eýran bilen hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigini aýtdy.

Al Jazeera-nyň şenbe güni beren habaryna görä, Saud Arabystanynyň daşary işler ministriniň orunbasary "Ali Al-Ýusuf" Manamanyň howpsuzlyk ýygnagynda: Biz Eýran bilen sebitde durnuklylygy üpjün etmek üçin işleýäris diýdi.

Şeýle hem Al-Ýusuf Gazada haýal etmän ot açyşlygyň we palestinaly raýatlaryň öldürilmeginiň bes edilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Bu habara görä, "Manama Dialogue" ady bilen tanalýan 19-njy Manama howpsuzlyk ýygnagy häzirki wagtda Bahreýniň paýtagtynda geçirilýär.

Tags