Jan 04, 2024 20:05 Asia/Ashgabat
  • Bagdat: Al-Haşd al-Şaabiniň baş edarasyna edilen hüjüm üçin Amerikan koalisiýasy jogapkär

Yrak hökümeti, Bagdadyň Al-Haşd al-Şaabi merkezine edilen hüjüm üçin Amerikan koalisiýasyny jogapkärçilige çekdi we bu hereketi terrorist diýip häsiýetlendirdi.

Yragyň resmi habar gullugynyň beren habaryna görä; Yrak Ýaragly Güýçleriniň Baş serkerdeliginiň metbugat sekretary brigada yaahýa Rasuol şu gün Bagdatda Yragyň Al-Haşd al-Şaabi guramasynyň baş edarasynyň birine pilotsyz hüjüme jogap berip, Yrak Ýaragly Güýçleriniň halkara koalisiýasynyň güýçlerini Yragyň howpsuzlyk edarasyna garaşylmadyk hüjüm üçin jogapkär hasaplaýandygyny aýtmak bilen bu hereketiň ýaragly güýçler bilen halkara koalisiýanyň güýçleriniň arasyndaky düşünişmegi pese gaçyrýandygyny aýtdy.

Yragyň Ýaragly Güýçleriniň Baş serkerdeliginiň metbugat sekretary şeýle-de biz bu çäräni dartgynlylygyň ýokarlanmagy we Yraga howply hüjüm diýip hasaplaýarys  diýdi.

Maglumatly çeşmeler ozal şu ​​gün Bagdadyň 12-nji Al-Haşd al-Şaabi brigadasynyň baş edarasyna pilotsyz uçar hüjüminde, Bagdatda Hizam operasiýasynyň serkerdesiniň orunbasary we kömekçisi "Al-Haj Abu Takwi Al-Saeidi" şehit boldy, başga-da 6 adam ýaralandy diýip yglan etdi.

Yrak çeşmeleri şehit Abu Takwiniň awtoulagynyň baş edarasyna ýeten badyna nyşana alnandygyny aýdýarlar.

Bu terrorçylykly hüjümden soň, Yragyň Milli Howpsuzlyk Geňeşi premýer-ministr Muhammet Şia al-Sudanyň ýolbaşçylygynda gyssagly ýygnak geçirdi.

Tags