Apr 07, 2024 15:35 Asia/Ashgabat
  • Birleşen Milletler Guramasy: Gazanyň ýaşaýjylarynyň ýarysy açlyk howpy astyndadyr

Birleşen Milletler Guramasynyň basyp alnan Palestindäki ynsanperwer utgaşdyryjysy Gaza zolagyndaky ýagdaýy aşa betbagtçylykly diýip häsiýetlendirdi we bu sebitiň ýaşaýjylarynyň açlyk howpy astyndadygyny aýtdy.

IRNA-nyň ýekşenbe güni beren hasabatyna görä, Birleşen Milletler Guramasynyň basyp alnan Palestindäki ynsanperwerlik işleriniň utgaşdyryjysy "Jeými MakGoldrik" Gazanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy açlyk howpy astyndadyr we Gazaly çagalaryň arasynda ýeterlik iýmitlenmezlik görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi diýdi.

Goldrik, Gazadaky açlygyň sessiz bomba ýaly öldürýändigini we çagalaryň, göwreli aýallaryň we garrylaryň ölüm howpunyň ýokarydygyny aýmak bilen açlyk bomba ýaly agressiw we öldürijidir, ýöne onuň tapawuty sesiniň ýoklugydyr we adamlary kem-kemden öldürýär diýip nygtady.

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNISEF) metbugat sekretary "Jeýms Elder" hem mundan ozal ýüzlerçe müň aç çaganyň Gaza zolagynyň günortasyndaky Rafahda gurşalandygyny we harby hüjüm astyndadygyny aýdypdy.

Tags