Sep 13, 2020 09:32 Asia/Ashgabat
  • Gazanyň ýaşaýjylary Bahreýn we BAE hökümdarlarynyň suratlaryny ot berdiler

Gaza zolagynyň ýaşaýjylary, Tel-Awiw bilen Manama we Abu-Dabiniň gatnaşyklarynyň kadalaşmagyna nägilelik bildirip, Bahreýn we Birleşen Arap Emeiligi hökümdarlarynyň suratlaryny ot berdiler.

“Times of Israel” web sahypasynyň hasabatyna görä,Gazanyň halky şenbe güni agşam Deir al-Balanyň merkezinde ýygnanyp, Bahreýn şasy Hamad bin Isa Al Halifanyň suratyny otlap , bu ýurduň sionist režimi bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak şertnamasyny ýazgardylar we muny Palestina halkynyň ýokary isleg arzuwlaryna hanjar urmak diýip atlandyrdylar.

Şeýle hem Gazanyň halky Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň, Abu-Dabiniň şazadasy Muhammet bin Zaýediň we BAE-nyň wise-prezidenti we premýer-ministri Muhammet bin Raşid Al Maktoumyň suratlaryny otladylar we aýak astyna aldylar.

Sionist režim bilen BAE-iň arasyndaky kadalaşdyryş şertnamasy yglan edilenden bir aý geçmänkä, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump anna güni (11-nji sentýabr) Bahreýn bilen Sionist režimiň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşýandygyny habar berdi.

Bu şertnama Yslam dünýäsinde giňden tankyt edildi.

Tags