Sep 06, 2023 13:18 Asia/Ashgabat
  • Bahreýnde Sionist režimiň ilçihanasynyň açylmagyna Eýranyň reaksiýasy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary käbir yslam hökümetleriniň, jenaýatçy sionistleriň ellerini silkmek baradaky eglişik hereketi bu ejiz we gowşak režimi ýykylmak howpundan halas edip bilmez diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Çafi" Ysraýyl režiminiň Daşary işler ministriniň Bahreýnine eden sapary we Manamada bu režimiň täze ilçihanasynyň açylmagy barada eden çykyşynda Sionist režimi çuňňur we barha artýan içerki krizis, ejizlik we çökmek ýagdaýynda bolýan wagty we bu režimiň palestinalylara garşy gündelik jenaýatlary bilen baglanyşykly halkara we adam hukuklary toparlarynyň we ýygnaklarynyň garşylygynyň we tankytlarynyň ýaýraýan mahallary, Yslam ýurtlarynyň Kudsy basyp alan regimi bilen haýsydyr bir eglişik hereketi syýasy paýhasdan daşdadyr we bu ýurtlaryň Palestina milletiniň aýrylmaz hukuklaryny goldamak üçin gumanitar, ahlak we halkara jogapkärçiligine ters gelýändir diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de käbir Yslam ýurtlarynyň hökümetleriniň Kudsy basyp alan režimi bilen barlyşykly hereketleriniň öz halklarynyň islegleri bilen hiç hili baglanyşygy ýokdyr we ýaňy-ýakynda beýik Liwiýa döwletiniň bir resmisiniň eglişik hereketine garşy nägilelikleri, sebit ýurtlarynyň basyp alyjy sionist režime bolan ýigrenjiniň çuňlugynyň beýanydyr diýip sözlerine goşdy.

Sionist režimiň Bahreýndäki ilçihanasy duşenbe güni bu režimiň daşary işler ministri Eli Koheniň we Bahreýniň daşary işler ministri Abdul Latif al-Zianiniň gatnaşmagynda açyldy.

Tags