Apr 27, 2024 12:49 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Sionist režimi sebitdäki ähli dartgynlygyň düýp sebäbidir

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Gaza zolagynda sionist režimiň urşuny we genosidini bes etmegiň zerurdygyny aýtmak bilen Ysraýyl sebitdäki dartgynlylygyň we ýagdaýyň ýaramazlaşmagynyň düýp sebäbidir diýdi.

IRNA-nyň şenbe güni beren hasabatyna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian we Portugaliýanyň Daşary işler ministri Paulo Rangel ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitdäki ýagdaý, esasanam Palestindäki wakalar barada pikir alyşdylar.

Bu telefon söhbetdeşliginde Amir Abdollahian Portugaliýanyň täze hökümetiniň döredilmegini we Paulo Rangeliň bu ýurduň daşary işler ministri wezipesine bellenmegini gutlady we Eýran bilen Portugaliýanyň arasyndaky gowy we köpden bäri dowam edip gelýän gatnaşyklaryň taryhyna  yşarat etdi we Gazadaky sionist režimiň urşuny we genosidini bes etmegiň we ezilen palestina halkynyň hukuklaryna hormat goýmagyň zerurdygyny ýene bir gezek nygtady.

Portugaliýanyň Daşary işler ministri Paulo Rangel hem bu telefon söhbetdeşliginde Gazada gyssagly ýaraşygyň zerurdygyny aýtmak bilen Portugaliýa hökümeti garaşsyz Palestina döwletiniň döredilmegini goldaýar we sebitdäki ähli ýurtlary Günbatar Aziýadaky dartgynlygy azaltmak ugrundaky tagallalaryna çagyrýar diýdi.

Taraplar Portugaliýanyň baýdagyny göterýän we ele salnan Ysraýyl gämisini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri gäminiň ekipasyyň boşadylmagy baradaky gumanitar mesele Eýranyň üns merkezindedir we Tährandaky ilçilerine  boşadyljakdygyny we gowşuryljakdygyny habar berdik diýdi.

Tags