Apr 21, 2024 12:36 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň we Omanyň daşary işler ministrleri Gaza zolagynda haýal etmän ot açyşlygyň bes edilmegini nygtadylar

Eýranyň we Oman soltanlygynyň daşary işler ministrleri sionist režimiň jenaýatlaryny bes etmek, haýal etmän ot açyşlygy ýatyrmak we Gazanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek boýunça halkara tagallalaryň dowam etmegini nygtadylar.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian, Oman soltanlygynyň Daşary işler ministri Seýid Badr bin Hamad Albusaidi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Oman soltanlygynyň sebitdäki soňky wakalara bolan berk pozisiýasyna ýokary baha berdi.

Oman soltanlygynyň Daşary işler ministri hem sionist režimiň sebitdäki durnuksyzlaşdyryjy hereketlerini ýazgardy we sebite howpsuzlygy yzyna gaýtarmagyň ýeke-täk ýolunyň Gaza zolagynda Sionist režiminiň uruş jenaýatlaryny duruzmakdygyny aýtdy.

Eýranyň we Omanyň Daşary işler ministrleri şeýle hem Gaza zolagynda bolup geçen soňky wakalara göz aýladylar we sionist režimiň jenaýatlaryny bes etmek, haýal etmän ot açyşlygy ýatyrmak we Gazanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek boýunça halkara tagallalaryň dowam etmegini nygtadylar.

7-nji oktýabrdan başlap, Günbatar ýurtlarynyň doly goldawy bilen Sionist režimi Gaza zolagynda we Günbatar Şeriýada Palestinanyň goragsyz we ezilen halkyna garşy köpçülikleýin gyrgynçylygy ýola berip gelýändir we Halkara jemgyýetçiliginiň we adam hukuklary guramalarynyň Ysraýylyň jenaýatlary bilen baglanyşykly dymmagy, bu bikanun režimiň söweş maşyny bilen palestinaly aýallaryň we çagalaryň öldürilmeginiň dowam etmegine sebäp boldy.

Tags