Jun 11, 2024 17:01 Asia/Ashgabat
  • Sionist režiminiň Uruş kabinetiniň iki uly agzasynyň işden aýrylmagyna sebäpler we reaksiýalar

Sionist režiminiň Uruş kabinetiniň iki uly agzasy Bani Gantz we Gadi Eisenkot işinden çekilýändiklerini resmi taýdan yglan etdiler.

  Sionist režiminiň Uruş kabinetiniň iki uly agzasy Bani Gantz we Gadi Eisenkot işinden çekilýändiklerini resmi taýdan yglan etdiler. Hali Trooper hem Gantza ýakyn şahsyýetleriň biri hökmünde Netanýahunyň koalisiýa kabinetinden çekiljekdigini resmi taýdan yglan etdi.

Sionist režiminiň Uruş kabinetiniň agzalarynyň işinden çekilýändiklerini yglan edilenden soň, Sionist goşunynyň Gaza bölüminiň serkerdesi Avi Rosenfeld hem ýeňlişini boýun alyp, işinden çekildi.

Bu adamlaryň işinden aýrylmagy birnäçe faktorlara sebäp bolýar. Birinji faktor, olaryň Gaza uruşda ýeňiş gazanmak umydlary ýokdyr, eýsem urşuň dowam etmegi sionist režim üçin has köp ýeňlişe sebäp bolar diýen netijä geldiler.

Beýleki tarapdan, Netanýahunyň tankytçylary irki parlament saýlawlaryny geçirmek we täze ministrler kabinetini döretmek isleýärler. Gant, Netanýahunyň Gazada üstünlik gazanmagyny kepillendirýän strategiýany kesgitläp bilmeýändigini we saýlawlaryň gysga wagtda geçirilmelidigini aýtdy. Gadi Eisenkot işinden aýrylmak hatynda Netanýahunyň uruş maksatlaryny durmuşa geçirip bilmeýändigini we netijeli karar berip bilmejekdigini aýtdy. Eisenkot, Netanýahunyň aýgytly karar berip bilmezligi Sionist režiminiň milli howpsuzlygyna howp salýar diýip hasaplaýar. Sionist režiminiň Uruş kabinetiniň agzasy Haliý Trooper hem Netanýahunyň urşuň gutarmagy we ysraýyllylaryň erkinligi barada karar berip bilmejekdigini habar berdi. Şonuň üçin saýlawlary mümkin boldugyça gysga wagtda geçirmek zerur diýdi.

Ýene bir faktor, Sionist režiminiň Gazadaky görlüp-eşidilmedik jenaýatlaryň ýazgysy ,dünýä derejesinde Sionist režiminiň abraýynyň gitmegine sebäp boldy.  ýakynda BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş BMG-nyň çaga hukuklaryny bozýanlaryň sanawyna Ysraýylyň adyny goşdy.

Mundan başga-da, Sionist režiminiň Al-Nasirat jenaýaty dünýä derejesinde-de giň seslenme bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu jenaýatda Palesinadan1000 töweregi şehit we ýaraly boldy. Benýamin Netanýahunyň sionistleriň ýeňşi baradaky aýdanlaryna garamazdan, sionist režimiň matasy möý torundan has gowşady we bu režim dargap barýandyr.    

 

Tags