May 07, 2024 13:21 Asia/Ashgabat
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary: Ysraýyl režiminiň Rafah şäherine etjek hüjümi kabul ederlikli däldir

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary genosid sionist režimiň Gaza zolagynyň günortasyndaky Rafah şäherine hüjümini çydap bolmajakdygyny duýdurdy.

AFP habar gullugynyň habaryna görä, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary "Antonio Guterreş", Italiýanyň prezidenti "Serjio Mattarella" bilen bolan duşuşygynda Rafah şäherine ýerüsti hüjümiň ýaramaz adam netijeleri boljakdygyny aýtmak bilen sebit üçin hem durnuksyzlaşdyryjy täsirleri boljakdygyny aýtdy.

Guterreş şeýle hem, Gaza zolagynda ot açyşlygyň bes edilmegi baradaky gepleşikler barada beren gürrüňlerinde bu pursaty sypdyrmaly däldigini aýtdy.

Palestina Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) syýasy edarasynyň başlygy Ysmaýyl Haniýe Kataryň premýer-ministri we Daşary işler ministri Muhammet bin Abdulrahman Al Tani we Müsüriň aňtaw gullugynyň başlygy Seýid Abbas Kamel bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Hamasyň Doha we Kairiň Gaza zolagynda ot açyşlygy bes etmek baradaky teklibi bilen ylalaşýandygyny mälim etdi.