Rodriguez:Amerikanyň Wenesuela garşy pitneleri şowsuz bolandyr
(last modified Sun, 03 Mar 2019 12:13:25 GMT )
Mar 03, 2019 17:13 Asia/Ashgabat
  • Rodriguez:Amerikanyň Wenesuela garşy pitneleri şowsuz bolandyr

Wenesuelanyň prezidentiniň orunbasary Amerikanyň Wenesuela garşy amala aşyrýan pitneleriniň şowsuzlyga uçrandygyna yşarat edip Waşington hiç haçan özüniň ýaramaz niýetlerine ýetip başarmaz diýdi.

Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Madoronyň orunbasary Delsy Rodriguez düýn Rasiýa-Al-Ýom tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde Wenesuelada Amerikanyň ýola berýän mekirli hereketleri hiç haçan başa barmaz sebäbi Wenesuela döwleti we milleti özleriniň watanlaryny goramaga tutum tutandyrlar diýdi.

Rodriguez şeýle-de Amerikanyň başga ýurtlaryň içeri işlerine goşulmak ýada hökümetlerini düňdermek üçin maliýe hemde ynsanperwer kömekler ýaragyndan peýdalanýandygyny hemmeler bilýändirler diýmek bilen bu ýurt Wenesuela hakynda hem şu syýasaty ileri sürjek bolýandyr diýdi.

şol bir wagtda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Amerikaly kärdeşi Mike Pompeo bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde garaşsyz Wenesuela ýurdunyň içeri işlerine Waşingtonyň goşulmagyny ýazgardy.

Lawrow sözüniň dowamynda Wenesuela ýurduna hamala ynsanperwer kömekleri ibermek baradaky Amerikanyň tagallalaryna yşarat edip bu hereketi Wenesuelanyň içeri işlerine goşulmaga hilegärlikli bahana hasaplady.

Tags