Madaro Amerikanyň Wenesuela garşy gadaganlyklaryna gaýtawul berdi
(last modified Thu, 18 Apr 2019 17:16:05 GMT )
Apr 18, 2019 22:16 Asia/Ashgabat
  • Madaro Amerikanyň Wenesuela garşy gadaganlyklaryna gaýtawul berdi

Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Madoro bu ýurduň merkezi bankyna garşy Amerika döwletiniň ýola beren gadaganlyklaryny bikanun hasaplalady.

Fransiýa habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Madoro düýn Amerikanyň ýaňky gadaganlyklaryny kanuna garşy hasaplamak bilen ony ýazgardy.

şol bir wagtda Amerikanyň prezidentiniň milli howpsuzlyk geňeşdary Jon Bolton Waşington Wenesuela ýurdunyň tersine ýene bir näçe gadaganlyklary ýol berýandyr şol sanda bu ýurduň merkezi bankyny özüniň gadaganlyklar listesineartdyrandyr diýip yglan etdi.

Wenesuela garşy amala aşyrylýan gadaganlyklar bu ýurtda rol oýnaýan daşary ýurtlara şol sanda Orsýete bir hili duýduryş hasaplanýandyr.

şeýle-de CNN habar kanalynyň beren habaryna görä,Amerikanyň goranmak ministrligi Orsýet,Kuba we Hytaýyň Wenesuela ýurduna ornamaklarynyň öňüni almak barada bir taslamanyň üstünde işläp ýörändir.

soňky wagtlarda Amerika we ýaranlary Amerika garşy ýüzlenmesi bolan Wenesuelanyň kanuny döwletini ýykmak üçin tagallalaryny artdyrandyrlar.

dünýäniň köp ýurtlary şol sanda Orsýet,Hytaý,Kuba we Eýran Amerikanyň bu syýasatyny ýazgaryp Wenesuela ýurdunyň häkimiýetine we toprak bitewiligine hormat goýulmagyny nygtandyrlar.

Tags