Nov 14, 2019 22:47 Asia/Ashgabat
  • Pütin bir taraplaýyn gadaganlyklaryň dünýäniň ykdysadyýetine galdyrýan ýaramaz täsirleri barada duýduryş berdi

Orsýetiň prezidenti Wladimir Pütin Braziliýada geçirilen Briks toparynyň maslahatynda beren gürrüňlerinde bütin dünýä söwda meýdanynda adalata laýyk bolmadyk bäsleşigiň ýaýbaňlaşmagy barada duýduryş berdi.

häzirki dünýäde bütin dünýä söwda meselesinde adalata laýyk bolmadyk bäsleşikleriň ýaýbaňlaşmagy şol sanda bir taraplaýyn gadaganlyklaryň ýola goýulmagy şeksyz ýagdaýy ýaramazlaşdyryp ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň adalata laýyk ösmegine päsgelçilik döredip durandyr diýip Orsýetiň prezidenti Wladimir Pütin aýtdy.

şeýle bir ýagdaýda Briks toparyna agza ýurtlar özleriniň ykdysady ösüşleri ugurynda talaba laýyk programalary göz öňüne alandyrlar diýip Pütin nygtady.

ol şeýle-de Orsýet Brikse agza ýurtlaryň arasyndaky arkalaşyklary ösdürmek üçin 2020-nji ýylda Sant Peterburgda geçiriljek Briksyň indiki maslahatynda ýörite ykdysady programany taýýarlajakdygyny yglan etdi.

Brikisyň ilkinji maslahaty 2009-nji ýylda Orsýetde geçirildi.

Tags