bölüm 909, süre Zohrof, aýat 1- 10
bölüm 909, süre Zohrof, aýat 1- 10
راهی بسوی نور(909)
Zohrof süresi
Şura süresiniň gürrüňleriniň gutarmagy bilen bu gepleşikde gurhan kerimiň ýene bir süresiniň gürrüňlerine girişýäris . gurhan kerimiň 43-nji süresi hasaplanýan Zohrof süresiniň 89 aýaty bardyr we Mekgede inen beýleki mekgi süreleri ýaly bu sürede ýaradylyş , ahyret we pygamberçilik ýaly yslam dininiň ynam - ygtykatlary barada gürrüň bolýandyr .
Zohrof süresiniň birinji, ikinji, üçünji we dördünji aýatlary :
حم (1) وَالْكِتَابِ الْمُبِينِ (2) إِنَّا جَعَلْنَاهُ قُرْآناً عَرَبِيّاً لَّعَلَّكُمْ تَعْقِلُونَ (3) وَإِنَّهُ فِي أُمِّ الْكِتَابِ لَدَيْنَا لَعَلِيٌّ حَكِيمٌ (4)
<< hä . mim // ýagtylyk seçýän kitaba gasam // dogrudanda biz ony ( soý ) Arap dilinde bolan gurhan aýlandyrdyk, belkide oýlanarsyňyz diýip // we dogrudanda ol , biziň ýanymyzda bolan ommulkitapda ýokary orundan paýly bolmak bilen hekmet eýesidir. >>
Gurhan kerimiň 7 süresi ( hä . mim ) haryplary bilen başlanýandyr . Zohrof süresi şolaryň birsidir we beýleki alty süre ýaly ( hä . mim ) haryplaryndan soň gurhandan we onuň ynsanlary dogry ýola hidaýat etmek üçin inmeginden gürrüň bolandyr. bu sürede hem ( hä . mim ) haryplaryndan soň gurhanyň adyndan ant içilendir we gurhanyň hidaýat kitabydygyndan we ýol görkeziji kitapdygyndan gürrüň bolandyr. gurhan kerim ozal başda Araplaryň arasynda inendir şonuň üçin hem onuň aýatlary arap halky düşüner ýaly soý arap dilinde inendir . edil şol bir wagtda gurhan kitabi arap köpçüligine mahsus kitap däldir eýsem onda oňa sürülýän gürrüňler we hakykatlar umum ynsan üçindir we bütin dçnýä degişlidir . taňry tagala gurham kerimi iberip bütin ynsanlary onuň aýatlary hakynda oýlanmaklyga çagyrandyr. elbetde gurhanyň aýatlary hakynda oýlanýan ynsanlar soňky derejede bu aýatlaryň aýdýan zatlaryny öz ýaşaýyşlarynda işe almaly bolýandyrlar. “gurhan allanyň kelamy dälde eýsem Muhammet diýen bir adamyň sözleridir” diýip toslaýan adamlaryň boş gürrüňleriniň tersine gurhan kerim hakykatda allanyň kelamydyr we onuň hakykat çeşmesi allanyň ýanyndadyr we ol hakykat bolsa kitaplaryň enesi ýa şol ommulkitapdyr we lowhulmähfuzda saklanýandyr. Bütin asmanlyk kitaplar şol lowhulmähfuzdan gözbaş alandyrlar . bu kitap allanyň hekmeti we ylmy esasynda düzülendir. bu orny belent kitapda ynsanlaryň bagtyýarlygyna ýada betbegytlygyna sebap bolýan barça zatlar beýan bolandyr we bu kitabyň hakykatlary hem her hili üýtgetmekden we ynsanyň oňa el degirip bilmeginden aman saklanandyr.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- gurhan kitaby şeýle bir mukaddes we orny belent kitapdyr weli alla onuň adyndan ant içendir .
2- allanyň ýoluna girmeklik agyza öýkenmeklik bilen ýada köre-körlük bilen bolmaly däldir eýsem oýlanmak bilen we akyl etmek bilen bolmalydyr .
3- asmanlyk kitaplaryň we pygamberleriň hemmesiniň sargydy bir zat bolandyr sebäbi olaryň getiren dinleri bir hakykatyň çeşmesinden su içýändir .
Zohrof süresi, 5, 6, 7 we 8-nji aýatlary :
أَفَنَضْرِبُ عَنكُمُ الذِّكْرَ صَفْحاً أَن كُنتُمْ قَوْماً مُّسْرِفِينَ (5) وَكَمْ أَرْسَلْنَا مِن نَّبِيٍّ فِي الْأَوَّلِينَ (6) وَمَا يَأْتِيهِم مِّن نَّبِيٍّ إِلَّا كَانُوا بِهِ يَسْتَهْزِئُون (7) فَأَهْلَكْنَا أَشَدَّ مِنْهُم بَطْشاً وَمَضَى مَثَلُ الْأَوَّلِينَ (8)
<< siz isripçil kowum bolanlygyňyz üçin gurhany sizden gaýdyp alaýlymy ? // we ençeme pygamberi sizden ozal geçen kowumlaryň arasyna iberdik // we hiç pygamber olaryň üstüne iberilmedi meger olar ony masgara etdiler // onda biz olardan güýçliräkleride heläk etdik we geçen kowumlaryň ýazgydy şeýle boldy . >>
Allanyň taryhda berkarar edip goýan ylahy kadasynyň birsi-de ynsanlary hidaýat etmek üçin olaryň üstüne pygamber ýollamagy we asmanlyk kitaplary ibermegi bolandyr. elbetde hemişe pygamberler bilen tersleşýän adamlar bolandyrlar olar ylaýtada häkimler pygamberleriň çakylygyny öz zyýanlaryna bilip olar bilen tersleşipdirler. zalymlar , pygamberleri halkyň gözünden düşürmek ugurda durly şiweler bilen şol sanda pygamberleri masgaralamak bilen olaryň orun-mertebelerine şikes ýetirmegiň yzynda bolupdyrlar . zalymlaryň pygamberlere bildirýän duşmançylyklary kä mahallar şeýle bir güýçli bolupdyr weli olar hatda pygamberleri öldürmekden ýada olara garşy urşa girişmekden hem saklanmandyrlar . şondan gelende pygamberler halky dogry ýola çagyrmak baradaky borçlaryndan el çekmändirler elbetde zalymlar we gudrat eýeleri bilen pygamberleriň arasyndaky bu çaknyşyklarda ahyr soň üstünlik pygamberler bilen bolup zalymlar özgelere ybrat bolar ýaly ýok olupdyrlar.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- dini wagyz edýän adamlar duşmanlaryň we zalymlaryň döredýän kynçylyklaryndan gorkyp öz borçlaryndan el çekmeli däldirler.
2- garşylaryň masgara etmeklerinden çekinip möminleriň yradalary gowşamaly däldir . pygamberler hem hemişe kapyrlar tarapyndan masgara edilendirler şondan gelende olar öz ýollaryny dowam etmekden el çeken däldirler .
3- allanyň berjek jezasy diňe ahyrete mahsus däldir eýsem alla gerek bolsa şu dünýäde hem hetden geçýän zalymlary we kowumlary jezalandyrýandyr.
Zohrof süresi, 9 we 10-njy aýatlar :
وَلَئِن سَأَلْتَهُم مَّنْ خَلَقَ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضَ لَيَقُولُنَّ خَلَقَهُنَّ الْعَزِيزُ الْعَلِيمُ (9) الَّذِي جَعَلَ لَكُمُ الْأَرْضَ مَهْداً وَجَعَلَ لَكُمْ فِيهَا سُبُلاً لَّعَلَّكُمْ تَهْتَدُونَ (10)
<< egerde olardan “gökleri we ýeri ýaradan kim?” diýip sorasaň hökman “olary bilimli we gudratly ( alla ) ýaratdy” diýip aýdarlar.// ( ol alla) ýeri siz üçin dinç almak mekany edip goýandyr we belkide ýoluňyzy taparsyňyz diýip size köp ýollary döreden kimsedir . >>
Gurhan kerim bu aýatlarda ynsanlary perwerdigäre tarap hidaýat etmekde pygamberleriň paýna düşýän borja yşarat edip : egerde botlara çokunýan müşrüklere ýüzleniň “sizi kim ýaratdy” diýip sorasaňyz olar “gökleri we ýeri ýaradan taňry bizi ýaratdy” diýip ykrar ederler diýip aýdýar . umuman ynsanlar gündelikde ýaşaýyşyň aladasy zerarly ýaradylyşyň nireden başlanyp nähili soňlaýandygyna oýlanmakdan gapyl galýandyrlar . olar , mal gazanyp harj edip hoşluk etmegiň , imegiň , içmegiň yzyndadyrlar. olar şu zatlara meşgul bolmak bilen hem ýaradylyşyň we ýaşaýyşyň hakykatlaryndan daş düşýändirler. şonuň üçin pygamberler ynsanlary gündelik ýaşaýyşyň saýasynda giriftar bolýan gyflat ukysyndan oýarmagyň yzynda bolandyrlar . şeýlede pygamberler durly naz-nygmatlary ýaradyp ynsana bagyş eden allanyň ýer şaryny onuň dinç almagy üçin ýaradandygyny adamlara ýatlap geçendirler . allanyň ynsanlara bagyş eden nygmatlarynyň ýene birisi ýer şarynyň hemme ýerlerinde ynsanlaryň maksada ýetip bilmekleri ugrunda goýlan ýollar we geçelgelerdir . hatda beýik- beýik daglyk ýerlerde hem ynsanlaryň malsada ýetip bilmekleri ugrunda ýol ýodalar we geçelgeler bardyr we ynsanlar şolaryň üsti bilen beýik daglaryň arasyndan geçip dagyň aýry bir tarapyndaky ýurda aşyp bilýändir . Dogrusy alla özüniň çäre görjüligi bilen ynsanlaryň işlerini aňsatlaşdyrmak maksady bilen bu nygmatlary olaryň erkinde goýandyr .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- ynsanyň alla tagalany tanajak bolmagy bir içgin ymtylyşdyr şondan gelende din taglymatlary arkaly ynsanlaryň bu içgin duýgylarynyň oýundyrlyp durmagy gereklidir.
2- ýaşaýyşda ynsanyň erkinde bolan nygmatlara üns bermeklik ynsanyň ruhuny täzeläp ony gaflat ukusyndan oýaryp bilýändir .
3- ýer- gögi ýaradyp ýaşaýyşyň talap edýän zatlaryny onda goýan alla , ynsanyň iki dünýe bagtyýar bolmagy ugrunda onuň hidaýat esbabyny hem üpjün edip goýandyr.
///////////