bölüm,680,süre näml,aýat 17-22
bölüm,680,süre näml,aýat 17-22
برنامه راهی بسوی نور(680)
Näml süresi, 17 we 18-nji aýatlar
وَحُشِرَ لِسُلَيْمَانَ جُنُودُهُ مِنَ الْجِنِّ وَالْإِنسِ وَالطَّيْرِ فَهُمْ يُوزَعُونَ (17) حَتَّى إِذَا أَتَوْا عَلَى وَادِي النَّمْلِ قَالَتْ نَمْلَةٌ يَا أَيُّهَا النَّمْلُ ادْخُلُوا مَسَاكِنَكُمْ لَا يَحْطِمَنَّكُمْ سُلَيْمَانُ وَجُنُودُهُ وَهُمْ لَا يَشْعُرُونَ (18)
<
<
<
Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Taňry tagala hezreti Dawut bilen hezreti Suleýmana ylym we güýç bagyş etdi we olar bolsa onuň üsti bilen Şam we Şamyň golaýundaky ülkelere hökmürowanlyk etdiler . Gurhany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda hökmürowanlygyň talap edýäni mätäçlikleriniň birisine diýmek goşun güýjüň bolmaklygyny yşarat edip aýdýar : ynsanlaryň , jynlaryň we guşlaryň bir topary Suleýmanyň gullugynda diler we olar onuň goşununy Ybaratlaýardylar we haçanda Suleýman duşman bilen garşylaşmakçy bolanda olar oň gullugynda taýýar bolýardylar .
Bir sapar hezreti Suleýman öz goşununy gulluga çagyrdy olar gullukda häzir bolup sap-sap herekete düşdiler ,olar çölde barýan ýollarynda garynjalara gabat geldiler şonda hezreti Suleýman (a.s) bir garynjanyň sesni eşitdi ol garynja beýleki garynjalara ýüzlenip “Suleýmanyň goşundaky adamlaryň we ulaglaryň aýaklarynyň astynda galyp heläk bolamaň , olar sizi görýän däldirler we bilmezlikden sizi depelämesinler diýip” aýtdy . megerde bu garynjy hem hezreti Suleýmanyň azarynyň hiç kime ýetmeli däldigini we onuň goşununyň hatda garynjalarada azar ýetirmejekdigini bilýärdi.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- ynsan hatda jynlara-da hökmürowanlyk edip olardan işlerde kömek alyp bilýändir .
2- duşmanlaryň öňündä durmak üçin başarjaň adamlardan haýyrlanmaklyk , işlerde tertip düzgünli bolmaklyk we goşun güýjünden peýdalanmaklyk pygamberleriň hökmürowanlygynyň ýöriteliklerindendir .
3- haýwanlar , howp-hatarlary duýýandyrlar we bir-birlerini habarly edýändirler .
4- Allanyň saýlan adamlary hatda garynjalara-da bile-bile zyýan ýetirýän däldirler
Näml süresi, 19-njy aýat:
فَتَبَسَّمَ ضَاحِكاً مِّن قَوْلِهَا وَقَالَ رَبِّ أَوْزِعْنِي أَنْ أَشْكُرَ نِعْمَتَكَ الَّتِي أَنْعَمْتَ عَلَيَّ وَعَلَى وَالِدَيَّ وَأَنْ أَعْمَلَ صَالِحاً تَرْضَاهُ وَأَدْخِلْنِي بِرَحْمَتِكَ فِي عِبَادِكَ الصَّالِحِينَ (19)
<
<
“Suleýmanyň goşununyň astynda heläk bolamaň” diýip garynjanyň aýdan sözzni eşiden hezreti suleýman bir tarapdan garynjanyň bu sözünä ýylgyrdy, aýry bir tarapdan bolsa : bir wagt meniň hökmürowanlygymda ejizler zorlylaryň tarapyndan horlanmasynlar diýip pikre batdy. Şunuň üçin hezreti Suleýman ellerini asmana göterip : bar hudaýa borçlarymda dogry tapylmakda maňa ýardam et diýip diledi şeýlede Allanyň özüne we ene -atasyna bagyş eden nygmatlaryny göz öňüne alyp özüniň ýagşy işleri edip bilmegini we Allanyň razylygyny gazanyp ahyr soňda salyhylaryň hatarynda Allanyň huzuruna baryp bilmegini diledi .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- ýolbaşçylygyň ýöritelikleriniň birsi-de ýolbaşçy adamyň tankytlara düz gelip başgalaryň sözüni çekip bilmegidir , hezeti Suleýman hem garynjanyň sözüni eşidende ony gülüp garşy aldy .
2- Allanyň beren nygmatlarynyň şükrüni diňä dil bilen däl eýsem amalda hem ýerinä ýetirmelidir onuň üçin bolsa ýagşy işleri edip Allanyň bendelerine gulluk etmelidir .
3- at gazanmak üçin ýada orun mertebe üçin bolan işler dälde eýsem içinde Allanyň razylygy bolan işler gowy işlerdir.
Näml süresi, 20, 21, 22-nji aýatlar:
وَتَفَقَّدَ الطَّيْرَ فَقَالَ مَا لِيَ لَا أَرَى الْهُدْهُدَ أَمْ كَانَ مِنَ الْغَائِبِينَ (20) لَأُعَذِّبَنَّهُ عَذَاباً شَدِيداً أَوْ لَأَذْبَحَنَّهُ أَوْ لَيَأْتِيَنِّي بِسُلْطَانٍ مُّبِينٍ (21) فَمَكَثَ غَيْرَ بَعِيدٍ فَقَالَ أَحَطتُ بِمَا لَمْ تُحِطْ بِهِ وَجِئْتُكَ مِن سَبَإٍ بِنَبَإٍ يَقِينٍ (22)
<< we (Suleýman) guşlaryň halyny sorady we “maňa näme boldy? hut-hutny görmeýärin ýa-da ol ýitirim bolnlardanmyka?”// diýdi oňa güýçli jyza bererin ýa-da başyny keserin – meger (özüniň ýitirim bolmagy barada) aýdyň delil getirmese – diýdi .// uzaga çekmäni hut-hut geldi we “men bir zatdan habarlydyryn weli sen ondan habarly dälsiň” diýip “men Saba ülkesinden saňa dogry habar getirdim” diýdi .>>
Geçen aýatlarda aýdyşymyz ýaly hezreti Suleýmanyň gullugynda bolan guşlar Şam ülkesinde we onuň töwereginde geçýän wakalardan hezreti Suleýmana habar getirýärdiler . Gurhany kerim bu aýatlarda aýdýar : bir sapar hezreti Suleýman gullugynda bolýan guşlara gözüni aýlady . guşlaryň hemmesini gördi diňä hut-hut ýokdy – belli bolşundan ozallar hem ýitirim bolýan bolmaly , şonuň üçin hezreti Suleýman “bu gezek hut-hut delilsiz ýitirim bolan bolsa oňa berk jeza bererin hatda mümkin janyny aldym” diýip aýdýar . haý diýmäni hut-hut tapylýar, ol Suleýmanyň ýanyna gelip “men Saba ülkesinden gelýärin ol ýerde bir zatlary gördim weli sen olary gören dälsiň we men ol zatlaryň habarny saňa bereýin” diýip aýdýar . hut-hut bu sözler bilen hem özüniň dereksiz ýitirim bolmandygyny hezreti Suleýmana aýdýar.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- gol astynda bolýan adamlara esewan bolup olaryň halyny soramaklyk Allanyň öwliýalarynyň şiwesidir .
2- dykgatly bolmaklyk we parasatlylyk , ýolbaşçylarda bolmaly häsiýetlerdendir . hezreti Suleýman hem özüniň hökmürowanlygynda hemme zatlary göz astyna alýanmyş .
3- bir düzgünde we häkimiýetde işlere gowşak çemeleşmeklik kabul ederli däldir oňa görä düzgünler özgelere bolar ýaly bozgakçylara berk çemeleşip olara mäkäm jeza bermelidirler .
4- biri özüniň eden etmişne delil getirse ol delil kabul ederli bolsa ony kabul etmelidir ýolbaşçy adam bolsa buzgakçylara berk çemeleşmegiň ýanynda egerde getirilýän deliller kabul ederli bolsa ony kabul etmelidir bu bolsa musulman ýolbaşçynyň häsiýetlerinden bolmalydyr.
///////////////