Nov 23, 2017 13:57 Asia/Ashgabat

bölüm,699,süre kasas,aýat 18-21

 

برنامه راهی بسوی نور(699)       

kasas  süresi, 18  we 19 -njy aýatlar:     

فَأَصْبَحَ فِي الْمَدِينَةِ خَائِفاً يَتَرَقَّبُ فَإِذَا الَّذِي اسْتَنصَرَهُ بِالْأَمْسِ يَسْتَصْرِخُهُ قَالَ لَهُ مُوسَى إِنَّكَ لَغَوِيٌّ مُّبِينٌ (18) فَلَمَّا أَنْ أَرَادَ أَن يَبْطِشَ بِالَّذِي هُوَ عَدُوٌّ لَّهُمَا قَالَ يَا مُوسَى أَتُرِيدُ أَن تَقْتُلَنِي كَمَا قَتَلْتَ نَفْساً بِالْأَمْسِ إِن تُرِيدُ إِلَّا أَن تَكُونَ جَبَّاراً فِي الْأَرْضِ وَمَا تُرِيدُ أَن تَكُونَ مِنَ الْمُصْلِحِينَ (19)

<<( şondan soň  Musa ) şäherde gorkuda boldy , birden-ikä şol kömek soran adamy  (gördi ) ol ( ýene) Musa ýalbaryp ondan kömek sorady , Musa oňa “dogrudan-da sen äşgär gümralykdasyň” diýip aýtdy .// Haçanda (Musa) olaryň ikisiniň-de duşmany bolan kimse bilen çaknyşjak bolanda ol aýtdy :eý Musa düýn bir adamyň ganyna galyşyň ýaly ( bu gün hem ) meni öldürjek bolýarmyň? seň başbozarlyk-dan başga bilýän zadyň ýokmy?  We (işleri) düzeltýänlerden bolasyň gelmeýärmi?>>

Geçen  gepleşikde aýdyşymyz ýaly hezreti Musa (a.s) ulalyp kemala ýeten soň Fyrownyň köşgünden çykyp iliň arasyna bardy .

Şol döwürde Müsürde ýaşaýan  bäni Ysraýyl kowumynyň adamlary Gybtylar tarapyndan gaty horlanýardylar. Musa şäheriň içine baryp görse bir Gybty adam bir Beni Ysraýyl adamyny horlap dur. Musa  olaryň arasyna düşdi we mazluma goldaw bermek niýet bilen Gybty adama bir ýumruk urdy weli ol Gybty adam dik aşak gaýdyp jan berdi . hezreti Musa ony öldürmek niýet bilen ony urmady ýöne bolmaly däl iş bolup ol adam öldi .

Gurhany kerim bu aýatlarda gürrüňiň dowamunda aýdýar:

Bu dawadan soň Musa köşge dolanmady we şäherde gizlin suratda ýaşa berdi . ol Fyrownyň adamlarynyň eline düşmekden hem gorkýardy . emmä ýene bir günde häki kömek beren Beni Ysraýyldan bolan adamyny gördi. ol ýene bir adam bilen urşup duran eken .

Bu adam ýene Musadan kömek sorady . Musa ozal başda oňa ýüzlenip “sen bir nadan adam, işiň-pişäň uruşmak,  her gün bir zady bahanalap Gybtylar bilen uruşýaň şeýdip hem öz janyňy hemem özgeleriň janyny hatara oklaýaň, seniň bu işiň Beni Ysraýyla hiç peýdasy ýok, eýsem olaryň kynçylyklaryny artdyrýar” diýip aýtdy .

Emmä şondan gelende bu Beni Ysraýylly adam Gybty tarapyndan horlanyp durdy, şonuň üçin hem Musa bu ýagdaýa çydap bilmedi we ýene oň kömegine bardy . emmä bu sapar Gybty adamy urmagyň ýerine ony tutup onuň ýaňky Beni Ysraýylly adamy urmagynyň öňüni aldy .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1 – duşmana garşy göreşmekde hökman maksatnamanyň bolmalydyr maksat namanyň bolmadyk ýerinde duşmana garşy göreşmegiň, özüňi we özgeleri zähmete düşürmekden aýry netijesi bolmaz .

2 – dostlaryň goýberýän ýalňyşlyklaryny görmezlik   etmek dogry däldir eýsem şol ýalňyşlygy gaýtalamaz ýaly olara tankyt etmelidir . hut şol bir wagtyň özünde hem gerek bolan ýerinde dostlardan arka çykyp olary goldamalydyr .

3 - Duşmanyň garşysynda bütin güýjüň bilen durmalydyr .

Kasas süresi, 20 we 21-nji aýatlar:

 وَجَاء رَجُلٌ مِّنْ أَقْصَى الْمَدِينَةِ يَسْعَى قَالَ يَا مُوسَى إِنَّ الْمَلَأَ يَأْتَمِرُونَ بِكَ لِيَقْتُلُوكَ فَاخْرُجْ إِنِّي لَكَ مِنَ النَّاصِحِينَ (20) فَخَرَجَ مِنْهَا خَائِفاً يَتَرَقَّبُ قَالَ رَبِّ نَجِّنِي مِنَ الْقَوْمِ الظَّالِمِينَ (21)

<< ( edil şol wagt ) şäheriň ol bir tarapyndan bir adam ( olara tarap ) ylgap geldi we “eý Musa! kowumuň başlyklary seni öldürmek niýet bilen  geňeşip durlar, gowysy sen ( herne basym  şäherden) çykyp git, men seniň haýryňy isleýänlerdendirin” diýdi.// pes Musa  şäherden çekdi we (her salymda  bir hadysaň gopmagyndan ) gorkýan ýagdaýynda “ bar hudaýa! meni bu sütemkär kowumyň elinden halas et” diýip (Alladan) diledi .>>

Şäherde  ýüzä çykan ýagdaýyň habary Fyrownyň köşgüne ýetirildi we Fyrownyň köşgi , şäherde bir Beni Ysraýyllyň iki günüň boýunda iki Gybty bilen urşyp şol uruşlaryň ikisinde hem Musanyň ol adamdan arka çykyp  Gybtylary ýeňmeklerinden habarly boldy .

Fyrownyň köşgi bu habary eşidip oňa herne basymrak çäre görmegi makul bildi, şeýlelik bilen köşk adamlary indiden beýläk şeýle bir işe hiç kim milt edip bilmez  ýaly Musanyň ölümine ses berdiler .

Fyrownyň  adamlary Musany tutmak üçin heniz ýola düşmäkäler  bu meseleden habarly bolup bir adam gelip oň habaryny Musa ýetirdi we Musadan herne basym başyny alyp gitmegini isledi . taryhy rowaýatlarda ady  Hargyl diýilip  aýdylan bu adam hezreti Musa iman getirip Fyrown hanadanynyň mömin adamsy diýen  ada eýe boldy.  ol hem , Fyrownyň başdaşy Asiýe ýaly köşkde ýaşasa-da Fyrownyň hökümetini kabul etmeýärdi we halkyň Fyrownyň tersine aýaga örmeklerine  garaşýardy . Hargyl haçanda Musanyň eden işinden habarly bolan soň Fyrownyň garşysynda oňa goldaw bermegi özine borç bilip haý dimäni musanyň ýanyna geldi we ol  barada köşk adamlarynyň näme tutum tutandyklaryny habar berdi .

Her halda Musa hem bu adamyň getiren habaryny möhüm bilip şäherden çykdy . Şonda musa häli-şindi bir hadysaň gopmagyna garaşýardy we howsala düşüpdi . şonuň üçin hem bu ýagdaýdan gutulmak barada Alladan kömek sorady we özüniň Müsüriň sütemkärleriniň elinden  halas bolmagyny isledi .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1 – zalymlara kömek bermeli däldir emmä mazlumlara kömek bermek üçin zalymlaryň hökümetine ornap ol ýerde orun gazanmaklyk gowy işdir

2 – Alla üçin islesek Alla hem howp-hatarlarda bizi goldajakdyr .

3 – wagtynda bir zatdan habarly bolmaklyk kä wagtlarda hat-da milletleriň ykbalynda hem täsirli bolýandyr . egerde ol köşk adamsy hezreti Musany wagtynda habarly etmäni bolsady we  hezreti Musa şäherden çykman bolsady onuň Fyrownyň adamlarynyň eline düşip öldürilmegi mümkindi

4 – köşk adamlarynyň arasynda hem haksöýer ynsanlaryň bolmagy mümkindir, elbetde şonçada , kümelerde ýaşaýan adamlaryň arasynda hem zulum-söýer adamlaryň bolmagy mümkindir . onda adamlaryň ýaşaýan ýerini görüp olar hakynda we olaryň dogrylygy  ýada egrligi barada  pikir bermeklik dogry däldir .