Nov 23, 2017 14:03 Asia/Ashgabat

bölüm,700,süre kasas,aýat 22-25

 

برنامه راهی بسوی نور(700)       

Kasas süresi, 22 we 23 nji aýatlar:

وَلَمَّا تَوَجَّهَ تِلْقَاء مَدْيَنَ قَالَ عَسَى رَبِّي أَن يَهْدِيَنِي سَوَاء السَّبِيلِ (22) وَلَمَّا وَرَدَ مَاء مَدْيَنَ وَجَدَ عَلَيْهِ أُمَّةً مِّنَ النَّاسِ يَسْقُونَ وَوَجَدَ مِن دُونِهِمُ امْرَأتَيْنِ تَذُودَانِ قَالَ مَا خَطْبُكُمَا قَالَتَا لَا نَسْقِي حَتَّى يُصْدِرَ الرِّعَاء وَأَبُونَا شَيْخٌ كَبِيرٌ (23)

<< we (Musa ) Mädýän ülkesine tarap ýola düşen mahaly : belkide repbim meni dogry ýola hedaýat etsin diýip umyt etdi .// we ( Musa ) mädýände bir goýuň başyna baranda onuň töwereginde(mal-garalaryny) suwaryp duran adamlary gördi we olaryň ýanynda iki zenan gördi weli ( olar goýunlaryny suwa tarap gitmekden ) saklaýardylar . Musa olardan “siz näme üçin beýt ýärsiňiz ?” diýdi. olar : biz çopanlar bu ýerden gidýänçäler ( goýunlarymyza ) suw bermeýäris we ( biziň bu ýerde bolmagymyzyň delili bolsa ) biziň atamyz gaty garry adam” diýdiler.>>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Fyrownyň köşgünde bolýan adamlaryň birsi , köşk adamlarnyň Musa hakynda tutan tutumlary barada ony habarly edip herne basym şäherden çykyp gitmegi ondan isledi . Gurhany kerim şol gürrüňüň dowamynda bu aýatlarda aýdýar: Musa şäherden çykan soň Fyrownyň hökümet edýän ýurdy bolan Müsürden hem çykyp Mädýän ülkesine gitmegi makul bildi . Mädýän ülkesi Şamyň günortasynda ýerleşip Fyrownyň häkimiýeti astynda däldi. Ýöne Musaň bu sapary howplydy, sebäbi onuň ýol ýitirip sergezdan bolmagy mümkindi şonuň üçin hem ol Alladan medet sorap azaşmakdan halas edip ýol görkezmegini isledi . Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda aýdýar : Musa Mädýän şäherine girmezden ozal ýoluň kenarynda bir goýuň töweregine goýun-guzular bilen üýşýän çopanlary gördi , olar öz mallaryny suwa ýakýardylar. Musa el- ýüzüni ýuwup dynç almak üçin ýoluny goýa tarap üýtgetdi . ýöne goýa golaýla-berende bir geň ýagdaýa gabat geldi. görse iki ýaş zenanyň başgalara garyşman goýunlaryny hem bir wagt başga goýunlara garyşmazlar ýaly olary, goýa tarap gitmekden alyp galyp durdylar. Hezreti Musa olaryň beýdip duruşlaryndan geň galyp onuň sebäbini sorady. olar “biziň atamyz gaty garry şonuň üçin hem biz iki aýal dogan goýunlary örä Çykaryp olary otlatýarys ýöne erkek çopanlardan çekinip goýunlarymyzyň hem olaryň goýunlaryna garyşmaklaryndan gorkup, olar goýuň ýanyndan gidýänçäler goýunlarymyzy şeýdip saklap durys” diýip aýtdylar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- salyhy adamlar we beýik reformist ynsanlar , ýowuz günler üçin hem özlerini taýýarlap gerek bolsa göçmek üçin hem taýyn bolmalydyrlar.

2- bir işiň uguryna togalanmakdan soň doga – dileg etmelidir. bir işiň ugurna çykmazdan doga – dileg bilen maksada ýetjek bolmaklyk dogry däldir.

3- erkek bilen zenanyň arasy belli bolmalydyr, olaryň işiň ýa-da ýene bir zadyň bahanasy bilen gatyşmaklary dogry däldir. (Şuaýyp pygamberiň gyzlary-da bileki erkek çopanlar ýaly çopançylyk etseler-de olara gatyşmakdan saklanýardylar.)

4- pygamberleriň gyzlary hem gerek bolsa çopançylyk edýändirler, möhüm zat Namarda zar bolmazlykdyr.

Kasas süresi, 24 we 25-nji aýatlar:

فَسَقَى لَهُمَا ثُمَّ تَوَلَّى إِلَى الظِّلِّ فَقَالَ رَبِّ إِنِّي لِمَا أَنزَلْتَ إِلَيَّ مِنْ خَيْرٍ فَقِيرٌ (24) فَجَاءتْهُ إِحْدَاهُمَا تَمْشِي عَلَى اسْتِحْيَاء قَالَتْ إِنَّ أَبِي يَدْعُوكَ لِيَجْزِيَكَ أَجْرَ مَا سَقَيْتَ لَنَا فَلَمَّا جَاءهُ وَقَصَّ عَلَيْهِ الْقَصَصَ قَالَ لَا تَخَفْ نَجَوْتَ مِنَ الْقَوْمِ الظَّالِمِينَ (25)

<< şonda (Musa) olaryň (goýunlaryny) suwa ýakdy , soň (sürini) kölegä tarap getirip “bar hudaýa! seniň iberjek her bir haýyr işiňä mätäçdirin” diýdi// ( heniz salym-sagat geçmänkä ) ol iki zenanyň birisi şerim- haýaly ýöräp onuň ýanyna gelip we “atam seni öz ýanyna çagyrýar tä biziň (goýunlarymyzy) suwaranlygyň üçin seniň el hakyňy bersin” diýdi. Musa onuň (Şuaýybyň) ýanyna baryp öz dessanyny oňa aýdyp berdi. Ol “gorkma, sen indi sütem-kärleriň elinden halas bolduň” diýdi .>>

Fyrownyň elinden halas bolmak üçin Mädýän ülkesine gaçyp atan Musa bir goýuň ýanyna baran soň ol iki gyz oglany görüp olara kömek bermegi makul bildi we el aýagyny çermäp goýdan suw çekip olaryň goýunlaryna suw berip ugrady. Işi gutaran soň olardan el hak soramazdan bir agajyň eteginde dynç alyp uklady . emma Musa gaty açdy we damagyň yzyndady . Musa şol şäherde garypdy we hiç kimi tanamaýardy şonuň üçin Alladan kömek sorap bu ýagdaýa çykalga sorady . aýry bir tarapdan Şuaýybyň gyzlary öňki günlerden irräk öýä dolandylar. atalary Şuaýyp onuň delilini sorap “megerde goýunlara suw bermediňizmi?” diýip sorady . gyzlar ,Musaň kömek berenligini aýtdylar . hezreti Şuaýyp olara “baryň şol adamy meň ýanyma getiriň belki onuň çeken zähmetiniň el hakyny bereýin-diydi. Şuaýybyň gyzlarynyň birisi şerim- haýa edýän halynda Musaň ýanyna gelip, atasynyň onuň çeken zähmetiniň el hakyny tölemek üçin ony öz öýne çagyrýandygyny aýtdy.

Musa gyzyň bu sözüni eşidip onuň atasynyň gadyr bilýän adamdygyny şeýlede olaryň içeri maşgalasynyň päk we halal adamlardygyny  bildi. Şonuň üçin hem Şuaýybyň çakylygyny kabul edip onuň öýne bardy . hezreti Musa , Şuaýyp pygamberiň ýanyna baran soň özüniň başyna gelip-geçen ýagdaýlary we näme üçin Mädýän ülkesine gelendigini aýtdy. Şuaýyp bolsa oňa göwünlik berip “indi Alla seni sütem-kärleriň elinden halas etdi we sen bolsa her näçe isleseň bizde myhmançylykda bolup bilersiň” diýdi.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- kynçylyga gabat gelemizde özgeleriň kynçylyklaryny unutmaly däldiris egerde elmizden iş gelse ony gaýgyrmaly däldiris.

2- kynçylyklarymyzyň çözgüdini Alladan islemelidiris belkide ol özüniň salasy boýunça biziň bähbidimize görä kynçylygymyza çäre görsün.

3-Pygamberleriň düşünjesinde zenan öz päkligini we agraslygyny gorap bilse onuň köpçülige çykmagynda aýyp ýokdur .

4- bir adam bize iş bitirse oň çeken zähmetiniň gadyryny bilip oň aklygyny bermelidiris .