bölüm,703,süre kasas,aýat 33-37
bölüm,703,süre kasas,aýat 33-37
راهی بسوی نور، برنامه (703)
Kasas süresi, 33 we 34-nji aýatlar:
قَالَ رَبِّ إِنِّي قَتَلْتُ مِنْهُمْ نَفْساً فَأَخَافُ أَن يَقْتُلُونِ (33) وَأَخِي هَارُونُ هُوَ أَفْصَحُ مِنِّي لِسَاناً فَأَرْسِلْهُ مَعِيَ رِدْءاً يُصَدِّقُنِي إِنِّي أَخَافُ أَن يُكَذِّبُونِ (34)
<< ( Musa) aýtdy “bar hudaýa ! men olardan birini öldürdim we meni öldürerler öýdip gorkýaryn.// We doganym Harun – dilewar adam – ony meniň ýanymdan iber tä maňa kömekçi bolsun we meni tassyklasyn sebäbi ( başgalaryň ) meni makullamazlygyndan gorkýaryn”.>>
Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Taňry tagala Tur dagynda hezreti Musadan Fyrownyň köşgüne baryp ony we onuň ýaranlaryny Allanyň birligine çagyrmagyny isledi . Gurhany kerim bu aýatlarda şol gürrüňiň dowamynda aýdýar :hezreti Musa bu borjuny ýerine ýetirmekde iki kynçylygynyň bardygyny aýtdy . birinji kynçylyk hezreti Musanyň bir uruşda bir Beni Ysraýyl adamyň tarapyny çekip bir Gybty adamy heläklemegidi . Sebäbi ol Gybty adamyň ölüminden soň Fyrown “Musany gola salyň” diýip buýruk beripdi we Fyrownyň adamlary Musanyň yzyndadylar.ikinji kynçylyk bolsa hezreti Musanyň diliniň basyklygydy.Ol onçakly dilewar adam däldi şonuň üçin hem hezreti Musa Taňry tagaladan dogany Haruny hem özüne ýoldaş edip Fyrownyň üstüne ibermegi isledi çünki Harun dilewar adamdy we ol Fyrownyň garşysynda öz dili bilen hezreti Musadan arka çykyp ony goldap biljekdi .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1 – bir wezipäni kabul etmekden ozal özümiziň başarnygymyzy göz öňüne alyp kemçiligimiz bar bolsa olara mynasyp çäreleri maslahat bermelidiris .
2 – wagyz etmekde we propaganda işlerde netije gazanmak üçin dilewar bolmak gereklidir .
3 – uly jogapkärçiliklerde başgalardan peýdalanmalydyrys . hemme işleri bir özümiz etjek bolup zähmete düşmäge hajat ýokdur .
Kasas süresi, 35-nji aýat :
قَالَ سَنَشُدُّ عَضُدَكَ بِأَخِيكَ وَنَجْعَلُ لَكُمَا سُلْطَاناً فَلَا يَصِلُونَ إِلَيْكُمَا بِآيَاتِنَا أَنتُمَا وَمَنِ اتَّبَعَكُمَا الْغَالِبُونَ (35)
<< ( Alla) aýtdy : ( eý Musa! howsala düşme ) biz seniň goluňy doganyň (Harun) üstünli goldaýarys ( we oňa güýç bagyş ederis) seni ( duşmanlaryňa ) üssem ederis, onda biziň aýatlarymyzyň bereketine olaryň eli saňa ýetmez sen we saňa eýerýän her bir adam üssemsiňiz .>>
Taňry tagala hezreti Musanyň dogasyny kabul edip bu howply ýolda dogany Haruny oňa hemra etdi we Harunyň hezreti Musanyň ýanynda bolmagy birnäçe netijäni yzyna tirkeýärdi . birinjiden Musanyň janyny howp hatardan goraýardy . ikinjiden bolsa Harun hezreti Musanyň berhaklygyny halka ýetirmekde özüniň dilewarlygyndan we söhünwerliginden haýyrlanyp bu işi edip bilýärdi .
Harun, hezreti Musadan uludy, hemde dilewardy emmä hezreti Musada bir näçä artykmaçlyk bardy şonuň üçin hem Taňry tagala Haruna dälde eýsem inisi Musa şerigat berdi we Harun bolsa Musanyň kömekçisi hökmünde oňa eýermeli boldy . şeýlelik bilen hezreti Musa özüniň mugjyzalary bilen Harun bolsa özüniň söhünwerligi bilen Fyrowny haýran galdyrdylar.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1 – batyla we süteme garşy göreş hakyň howandarlarynyň köp bolmagyna hajat ýokdur kä wagtlarda hatda iki adam özleriniň mäkäm mantyklary bilen gümra ählini ýeňip bilýändirler.
2 – zalymlaryň we sütemkärleriň garşysynda ylahy ynsanlary we hata ählini gorap olardan arka çykmalydyrys.
3 – hatda ylahy pygamberler hem özleriniň göreşlerinde umytly bolmalydyrlar we biriniň olara umyt bermekleri gereklidir şonuň üçin hem Taňry tagala , hezreti Musa bilen Haruny Fyrownyň üstüne iberende, olara üstünligiň wadasyny berip olary umydygär etdi .
Kasas süresi, 36 we 37-nji aýatlar:
فَلَمَّا جَاءهُم مُّوسَى بِآيَاتِنَا بَيِّنَاتٍ قَالُوا مَا هَذَا إِلَّا سِحْرٌ مُّفْتَرًى وَمَا سَمِعْنَا بِهَذَا فِي آبَائِنَا الْأَوَّلِينَ (36) وَقَالَ مُوسَى رَبِّي أَعْلَمُ بِمَن جَاء بِالْهُدَى مِنْ عِندِهِ وَمَن تَكُونُ لَهُ عَاقِبَةُ الدَّارِ إِنَّهُ لَا يُفْلِحُ الظَّالِمُونَ (37)
<< haçanda Musa biziň ýagtylyk beriji aýatlarymyz bilen olaryň üstüne baranda “bu zatlar gözbagçylyk we jadygöýlikden aýry zat däldir we bu hili zady öz ata-babalarymyzdan eşitmedik” diýip aýtdylar.// Musa ( bolsa olaryň jogabynda ) aýtdy : Meniň Rebbim onuň tarapyndan hedaýat getiren kişini we ýagşy akybat ýazylan kişini gowy bilýändir, şübhesiz sütemkärler bagtyýar bolmazlar .>>
Hezreti Musa bilen onuň dogany her bela bir bela edip özlerini Fyrownyň köşgüne ýetirip köşk adamlaryň arasynda häzir boldular onsoň olar , Fyrownyň adamlaryny ýeke Taňrynyň bendeligine çagyryp olara ylahy mugjyzalary görkezdiler . Hasaň ýylana öwrülmegi we eliň goltuga salynyp çykarylmagyndan soň çym-mak bolup ýalpyldamagy hezreti Musanyň mugjyzalaryndandy, ýöne Fyrownyň köşgünde bolýan adamlar bu mugjyzzalary görenlerinden soň olary kabul etmegiň deregine olary inkär etdiler we hezreti Musa bilen Haruna “siz kezzap adamlar we bu görkezýän zatlarňyz jadygöýlikden başga zat däldir” diýip töhmet ýapdylar .
Hezreti Musa bolsa olaryň bu sözleriniň garşysynda : egerde men kezzap adam bolsam we bu görýän zatlarňyzy we menden eşidýän sözleriňizi men özümden çykarýan bolsam we “olaryň Alla dahyly ýok” diýip aýdýan bolsaňyz Allanyň özi gowy bilýändir, eger men kezzap adam bolsam Alla, meni ile ryswa edip halkyň meniň üstüm bilen gümra bolmaklaryna ýol bermez diýip aýtdy .
Şeýlede hezreti Musa sözlerini dowam edip “elbetde siziň meni inkär etmegiňiziň delili meniň getiren delillerimiň azlygy däldir eýsem siziň endik eden zulum sütemiňizdir, we siz meni inkär edip öz sütemiňizi dowam etjek bolýansyňyz, şeýdip-de öz hökümetiňizi gorajak bolýansyňyz oňa görä meň aýdýanlarymy kabul etmeseňiz dünýäde we ahyretde bagtyýar bolmarsyňyz” diýip aýtdy .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1 – diniň taglymatlaryny kabul etmekde , ata-babalarymyz eýlemiş ýada beýlemiş diýmeklik dogry däldir eýsem akyl we mantyk bilen ony seljerip görmelidir .
2 – Taryh boýunda salyhy ynsanlaryň we ylahy pygamberleriň garşysynda durup olar bilen tersleşen adamlaryň bilen-bitiren zady aýyp ýapmak we töhmet ýöňkemek bolýandyr.
3 – ylahy pygamberlere eýermeklik ynsanyň akybatynyň ýagşy bolup hakygy bagtyýarlyga ýetmekligine sebäp bolýandyr .
/////////////