Jul 30, 2021 14:07 Asia/Ashgabat
  • Owgan resmisi:

Owganystanyň birinji wise-prezidenti Talybanyň adam hukuklary diýilýän zady ykrar etmeýändigini aýtdy.

AWA habar gullugynyň habaryna görä Owganystanyň birinji wise-prezidenti Amrullah Saleh "Talybanyň" syýasy nukdaýnazardan nädogry we hasaplap bolmajak hasaplamasynyň bardygyny we bu toparyň söweş we öldürmek arkaly ýeňiş gazanyp bilmejekdigini aýtdy.

Owganystanyň ýokary derejeli resmisi çarşenbe güni öz Facebook sahypasynda Talybanyň hereketleri halkara jemgyýetçiligini esasy gymmatlyklary we adam hukuklaryny goldamak üçin mobilizledi diýdi. ýagny, bu topar gymmatlyklara düşünmeýär we adam hukuklary diýilýän zady ykrar etmeýär.

Owganystanyň birinji wise-prezidenti bu ýagdaýyň üýtgeýändigini aýtmak bilen bu döwürde bu nadanlyk derejesiniň bir milletiň ykbalyny dolandyrmagy mümkin däldir diýdi.