Apr 25, 2024 16:01 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Şri-Lankanyň gurluşyk taslamalaryna gatnaşmaga taýýarlygy

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran kompaniýalarynyň we hünärmenleriniň Şri-Lankanyň gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga we ýurduň ösüşine kömek etmek üçin tehniki-inženerçilik hyzmatlaryny bermäge taýýardygyny mälim etdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi çarşenbe güni agşam Şri-Lanka resmi bir günlük saparynyň dowamynda, iki ýurduň ýokary derejeli wekiliýetleriniň bilelikdäki ýygnagynda "Omawiýa" köp maksatly gidroelektrik taslamasynyň ulanylmagyna kanagatlanma bildirmek bilen, bu taslamanyň bilelikdäki durmuşa geçirilmegini iki ýurduň arasyndaky raýdaşlygyň we dostlugyň nyşanlarynyň we alamatlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirdi.

Raisi Eýran bilen Şri-Lankanyň syýahatçylyk pudagynda amatly infrastrukturanyň bardygyny bellemek bilen, Günbatar ýurtlarynyň beýleki ýurtlaryň ösüşiniň öňüni almak ugrundaky tagallalaryna we duşmançylygyna ünsi çekdi we bu duşmançylyklary zyýansyzlandyrmak üçin Eýran bilen Şri-Lankanyň arasyndaky sebit we halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmelidigi nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti çykyşynyň başga bir böleginde sionist režimiň Gaza zolagynda genosidiniň dowam etdirilmegi barada durup geçdi we yslam we garaşsyz ýurtlaryň bu režimiň jenaýatlaryny duruzmak we gabawyny aýyrmak üçin utgaşdyrylan hereketleri etmelidigini we Gazanyň ezilen we kuwwatly halkyna uly kömek bermelidigini we basyp alyjy derrew kowulmaly, sud edilmeli we jezalandyrylmalydygyny aýtdy.

Şri-Lankanyň prezidenti Ranil Wikremesinghe, Umawiýa gidroelektrik taslamasynyň taslamalaşdyrylmagy we durmuşa geçirilmegi ýaly Eýran Yslam Respublikasynyň Şri-Lankanyň durkunyň täzelenmegine gatnaşmagyna minnetdarlyk bildirmek bilen, ŞŞri-Lanka iki ýurduň arasynda oba hojalygy, syýahatçylyk, ylmy we bilim hyzmatdaşlygy we sport ugurlarynda has köp hyzmatdaşlygy isleýär diýdi.

Şri-Lankanyň prezidenti sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirip, Ysraýylyň sebitdäki jenaýatlaryna ünsi çekdi we Sionist režimiň Eýranyň Siriýadaky ilçihanasynyň konsullyk bölümine eden hüjümini ýazgardy we Şri-Lankanyň Palestina meselesi boýunça resmi pozisiýasy garaşsyz Palestina döwletiniň döredilmegidir diýip sözlerine goşdy.

Tags