May 10, 2021 21:18 Asia/Ashgabat
  • Zarif, Eýranyň Karbaladaky konsullygyna edilen hüjümiň günäkärlerini kesgitlemäge aýratyn üns berdi

Eýranyň Daşary işler ministri Eýranyň Karbaladaky konsullygyna edilen hüjümde günäkärleri kesgitlemegiň zerurdygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, duşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Karbaladaky konsullygyna edilen hüjümden soň, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Yragyň Daşary işler ministri Fouad Huseýn bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasynyň bu hili diplomatik düzgünlere we proseduralara ters gelýän we 1963-nji ýyldaky Wena konwensiýasynyň düzgünlerini bozýan hereketlere nägiledigini yglan etdi.

Yrak hökümetiniň Yrakdaky diplomatik desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmekdäki jogapkärçiligini ýada salýan Zarif, Yrak hökümetini şeýle bikanun hereketleriň günäkärlerini anyklamaga çagyrdy we şeýle wakalaryň Yragyň çynlakaýlygy bilen gaýtalanmazlygyna umyt bildirdi.

Yragyň Daşary işler ministri Fouad Huseýn şeýle zorlukly hereketleriň ýüze çykmagyna gynanç bildirdi we Yrak hökümetiniň Yrakdaky diplomatlary we diplomatik desgalary goramak borjuna ünsi çekdi we bu ugurda howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmek barada buýruk berlendigini aýtdy.

Düýn gije (ýekşenbe) gozgalaňçylar Eýran Yslam Respublikasynyň "Karbala" konsullyk binasynyň öňünde ýygnanyp, konsullygyň diwaryna ot berdiler.

Tags