Aug 28, 2022 15:02 Asia/Ashgabat
  • Eýran Yslam Respublikasynyň Liwana ýangyç ibermäge taýynlygy

Eýranyň Liwandaky ilçisi Eýran Yslam Respublikasynyň Liwana ýangyç ibermäge taýýardygyny mälim etdi.

Liwan bir ýyl bäri agyr ykdysady we syýasy krizisi başdan geçirýär. ýangyjyň ýetmezçiligi we dollaryň bahasynyň ýokarlanmagy, esasanam geçen ýyl Beýrut portundaky aýylganç partlamadan soň bu problemalary hasam kynlaşdyrdy.

Geçen ýyl Liwanda ýangyç krizisinde Eýran Yslam Respublikasy bu ýurda birnäçe ýangyç iberdi.

Isna Habar gullugynyň habar bermegine görä, Eýranyň Liwandaky ilçisi Mojtaba Amani, Eýranyň ilçihanasynda bu ýurduň Bath Arap Sosialistik Partiýasynyň baş sekretary Ali Hijazi bilen bolan duşuşygynda Yslam Respublikasynyň Liwany goldaýandygyny nygtamak bilen Eýran, Liwan hökümeti kabul edip, Tährana resmi wekiliýet iberen badyna Liwana ýangyç ibermäge taýyndyr diýdi.

Eýranyň sebitdäki roluna ýokary baha beren Hijazi, Eýranyň Liwany we tutuş sebiti sebitiň keşbini üýtgetmek maksady bilen käbir dildüwşüklerden uzaklaşdyrmakda oňyn rol oýnandygyny aýtdy.

Liwanyň Bath Arap Sosialistik Partiýasynyň Baş sekretary, Liwan halkyna ýangyç üpjünçiligi ýaly başlangyçlary üçin Eýrana minnetdarlyk bildirdi.

Tags