Dec 10, 2022 15:16 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň, Hytaýyň prezidentiniň Saud Arabystanyna eden saparyndaky sözlerine beren jogaby

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň syýasy orunbasary Hytaýyň Prezidentiniň Saud Arabystanyna eden saparyndaky sözlerine jogap berdi.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň syýasy orunbasary Muhammet Jamşidi Twitterde Hytaý prezidentiniň Saud Arabystanyna eden saparyndaky sözleriniň jogabynda Hytaýly kärdeşleri Saud Arabystany bilen Amerikanyň Siriýadaky DAEŞ we Al-Kaýdanyň terrorçy toparlaryny goldandygyny we Ýemeni rehimsiz harby agressiýa bilen ýok edendigini şol bir wagtda sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy ýola goýmak we terrorçylygyň gündogara we günbatara ýaýramagynyň öňüni almak üçin Eýranyň terrorçylar bilen söweşendigini ýatdan çykarmaly däldirler diýdi.

Hytaýyň prezidenti Si Szinpiniň Saud Arabystanyna eden sapary wagtynda iki ýurt bilelikdäki beýannama ýaýratdy, onda Eýrandan beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulmazlygy islendi.

Şeýle hem beýannamada Eýranyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgesine hormat goýmagynyň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem Hytaý we Saud Arabystany, ýadro maksatnamasynyň asudalygyny üpjün etmek üçin Eýranyň Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny talap etdiler.

Tags