Jan 20, 2023 20:43 Asia/Ashgabat
  •  Sionist režimiň jenaýatlarynyň tankyt edilmegi

Eýranyň resmisi, Sionist režimiň jenaýatlary babatynda Howpsuzlyk Geňeşiniň dymmagyny tankyt etdi.

  Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Amir Said Irwani Howpsuzlyk Geňeşiniň Palestina baradaky ýygnagynda geçen ýyl basyp alnan Palestina sebitlerinde ganly we howply ýyl bolandygyny ýatlap,Ysraýyl režimi, rehimsiz, giňeldiji we jynsparaz hereketlerini Palestina raýatlaryna yzygiderli dowam etdirlendigini aýtdy.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili Amir Said Irwani , Birnäçe gezek belläp geçişimiz ýaly, halkara jemgyýetçiligi, esasanam Howpsuzlyk Geňeşi Ysraýyl režimiň dowam edýän agressiýalary barada dymsa, Ysraýylyň jenaýatlaryna we agressiýalaryna has köp iş etmek pursat berler diýdi. Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Amir Said Irwani şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi, Palestina halkyny goldamak üçin haýal etmän we aýgytly hereket etmeli diýip beýan etdi. Sionist režimiň giňelmeginiň we jynsparazlygynyň dowam etmeginde halkara guramalarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň işiniň netijelidigi äşgärdir. Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýaly hökümetler tarapyndan sionist režimiň adamzada garşy hereketlerine hemaýat berilmegi we Howpsuzlyk Geňeşiniň bnasyp alyjy režime garşy kararlarynyň berilmeginiň öňüni almak häzrki döwürde dowam etdirlýär. Sionist režimi halkara jemgyýetçiliginiň ümsümliginde we adam hukuklaryny goraýandygyny toslaýan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we käbir beýleki günbatar ýurtlarynyň doly goldawy bilen ýetmiş ýyldan gowrak wagt bäri  palestinalylara garşy jenaýatlaryny dowam etdirýär we basybalyjylygyň dowam etmegi bilen, jynsparazlyk, repressiýa, öldürmek we Kuds Şerif we Al-Aksa metjidi ýaly mukaddes ýerlere edilen hüjüm basyp alnan ýerlerdäki bidüzgünçilikleriň esasy sebäbidir we palestina halkynyň bu terrorçy režimiň garşysynda durmakdan başga çäresi ýokdyr.  

 

Tags