Apr 06, 2023 09:44 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň we Saud Arabystanynyň daşary işler ministrleriniň arasyndaky duşuşyk

Eýranyň we Saud Arabystanyň daşary işler ministrleri Pekinde duşuşdylar.

Eýran bilen Saud Arabystanynyň Pekinde geçirilen gepleşiklerinde iki ýurt 10-njy martda anna güni 7 ýyldan soň diplomatik gatnaşyklaryny dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Iki ýurduň arasyndaky şertnama laýyklykda Eýranyň we Saud Arabystanynyň daşary işler ministrleri biri-biri bilen duşuşanda ilçileriň alyş-çalşygy we ilçihanalaryň açylmagy üçin durmuşa geçiriş esaslaryny, şeýle hem gatnaşyklaryň täzeden başlamagy üçin beýleki talaplary üpjün eder.

şu ugurda Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian şu gün Pekinde Saud Arabystanyndaky kärdeşi Faýsal bin Farhan bilen duşuşdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian çarşenbe güni agşam Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal Bin Farhan bilen Tähran bilen Riýadyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň täzeden başlamagy barada gepleşik geçirmek üçin Pekine geldi.

Tags