Nov 08, 2023 20:30 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Howplara we sanksiýalara garamazdan Eýran Yslam Respublikasy dürli ugurlarda uly ösüşleri gazandy

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti howplara we sanksiýalara garamazdan Eýran Yslam Respublikasy dürli ugurlarda, esasanam ylym we tehnologiýa pudagynda uly ösüşleri gazandy diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Eýran, energiýa, oba hojalygy, senagat we magdanlar pudagynda örän oňat mümkinçiliklere we tejribelere eýedir we bu tejribeleri Täjigistan halky bilen paýlaşmaga taýyndyr diýdi.

Raisi şeýle-de Eýranyň milleti we ýaşlary sanksiýalary we howplary mümkinçiliklere öwürmek kararyna geldi we bu mümkinçilikler häzirki wagtda Yslam Eýranda doly görünýär diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sözüniň dowamynda Eýran bilen Täjigistanda medeni köp umumylyklar bar we iki ýurtda medeni pudaklaryň işjeňleşmegi bilen medeni ösüş we pars dili ugrunda çynlakaý ädimler ätip bilerler.

Raisi medeni çozuşa garşy durmagyň faktoryny medeni baýlyk hasaplamak bilen Eýranyň we Täjigistanyň baýlygy umumy medeni baýlyklardyr we bu medeni baýlyklar ýaşlary goramak üçin dowamly maýa hökmünde ösdürilmelidir diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti basyp alnan Palestina sebitlerinde bolup geçýän wakalara ünsi çekmek bilen häzirki wagtda dünýädäki ähli musulmanlaryň ýüreginde ýanýan bir duýgy bar we dünýäniň ähli ynsaply we wejdanly adamlaryny palestina halkynyň ykbaly barada alada goýýar diýdi.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon hem Eýran bilen dürli hyzmatdaşlygyň giňelmegini garşy alyp Dürli ugurlarda Eýran bilen Täjigistanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrýar diýdi.

Tags