May 05, 2024 13:58 Asia/Ashgabat
  • Başar Assad: Siriýa Palestina we garşylygy doly goldaýar

Siriýanyň prezidenti, Damaskyň Palestina garşylygyny goldaýandygyny belläp, Siriýanyň garşylyk meselesindäki pozisiýasynyň üýtgemändigini, eýsem öňküsinden has berkleşendigini aýtdy.

Ýekşenbe güni "Al-Maýadeen" teleýaýlymynyň habaryna görä Siriýanyň prezidenti Başar Assad Siriýanyň Palestina baradaky pozisiýasynyň 1948-nji ýyldan bäri (galp Ysraýyl režiminiň döremeginden) durnuklydygyny aýtmak bilen mümkin boldugyça Palestiniň sionist režime garşy garşylygyny goldamak üçin haýsydyr bir çäre görmekden çekinmez diýdi.

Siriýanyň prezidenti şeýle-de Siriýanyň garşylygy goldamakdan yza çekilmejekdigini, sebäbi basyp alyjy duşmanyň üýtgemändigini aýtdy.

Başar Assad Sionist režim bilen konflikti bes etmegiň ýeke-täk ýolunyň basyp alnan ýerleriň hemmesini palestinalylara gaýtaryp bermekdigini yglan etmek bilen, Günbatar ýurtlarynyň sionistleri körä-körlik bilen goldamagy täze mesele däldir, ýagdaý üýtgäp, palestinalylaryň we siriýalylaryň hukuklary alynýança, Siriýanyň pozisiýasyny hiç zat üýtgetmez diýip nygtady.

Siriýa Respublikasynyň Prezidenti mundan ozal hem Sionistleriň basyp alyjylygy gutarýança Palestina garşylygyny goldajakdygyny birnäçe gezek nygtady.

Tags