Jan 12, 2024 16:37 Asia/Ashgabat
  • Gazadaky wakalar; Amir Abdollahýanyň Saud Arabystanyň daşary işler ministrleri bilen geçiren söhbetdeşliginiň esasy mozugy

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri bilen iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi we Gazadaky wakalar barada telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň we Saud Arabystanyň Daşary işler ministrleri Huseýin Amir Abdollahian we Faýsal Bin Farhan penşenbe güni agşam telefon söhbetdeşliginde iki ýurdy gyzyklandyrýan käbir meseleleri we Palestindäki soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian bu telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň dogry ýolda bolandygyny aýtmak bilen, Saud Arabystanynyň Gazadaky söweşi duruzmak we bu sebite ynsanperwer kömegini ibermek maksady bilen Yslam we Arap ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň ýygnagyny geçirmek baradaky hereketine yşarat edip Günorta Afrikanyň Sionist režime garşy Halkara Kazyýetinde şikaýat etmekdäki hereketini goldaýarys diýdi.

Amir Abdullahian şeýle-de sionistleriň palestina halkyna garşy jenaýatlarynyň dowam edýändigini aýtmak bilen Amerika ýüz gün töweregi wagt bäri urşuň ýaýramazlygy barada gürleýär, ýöne iş ýüzünde Gazadaky söweşi we genosidi duruzmak üçin özüni çynlakaýlyk görkezmeýär diýdi.

Saud Arabystanyň Daşary işler ministri Faýsal Bin Farhan bu telefon söhbetdeşliginde Riýad bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklaryň giňelýändigini aýtmak bilen we Günorta Afrikanyň Sionist  režime garşy Halkara Kazyýetinde eden şikaýatyna ünsi çekmek bilen Gaza garşy söweşi bes etmek üçin mümkin boldugyça Sionist režime garşy köp basyş etmegi dowam etmeli diýdi.

Tags