Jan 12, 2024 17:11 Asia/Ashgabat
  • Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy: Ýemeni dünýäniň ähli erkin adamlary goldaýar

Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy häzirki wagtda gahryman Ýemeniň diňe bir yslam ýurtlary we Eýran tarapyndan däl, eýsem dünýäniň ähli erkin halky tarapyndan hem goldanýandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Howa güýçleriniň serkerdeligi beýannamada goşun ştab-kwartirasynyň buýrugy boýunça, ýerli wagt bilen anna güni howa güýçleri 100 sany raketany Ýemeniň Milli goşunynyň 16 merkezinde 60-dan gowrak nyşana hüjüm etmek üçin atandygyny yglan etdi.

IRIB gullugynyň habaryna görä, Tähranyň juma namazynyň wagtlaýyn ymamy Hojjatul-Islam wal-Muslimin Seýid Muhammet Hasan Abu Torabifard şu gün Tähran şäherinde wagyzlarynda ABŞ we Angliýanyň Ýemene irden eden hüjümine salgylanyp bu hüjümi ýazgarmak bilen Ýemeniň söweşijileri dünýäniň ulumsy güýçlerine ýatlardan çykmajak bir sapaky bermelidirler diýdi.

Hojjatul-Islam wal-Musliman Abu Turabifard sözüniň dowamynda Yrakda, Owganystanda we Liwanda bolup geçen zatlar ulumsy dünýä üçin sapak bolup bilerdi, emma häzirki zaman ýaraglary bilen ýaraglanan jenaýatçylaryň şu gün Ýemende eden işleri, Gazadaky aýgytly ýeňlişlerinden öwrenmändiklerini görkezýär diýdi.

Tähranyň Juma namazynyň Hatib şeýle-de  häzirki wagtda Ýemeniň Yslam dünýäsiniň abraýyna ýeten hakykatlaryň biridigini aýtmak bilen häzirki wagtda garşylyk okunyň güýçli elleri biri-biri bilen baglanyşýar we ulumsy dünýäniň ähli artykmaçlyklaryna garşy durmak üçin bitewi çyzyk döredildi diýip beýan etdi.

Täzranyň wagtlaýyn juma ymamy Gaza meselesiniň Yslam dünýäsinde iň möhüm meseledigine ünsi çekmek bilen takmynan 100 gün bäri Amerika we Sionist režim diňe bir Gazany we Iordan derýasynyň günbatar kenaryny däl, eýsem häzirki zaman diýilýän dünýäde kabul edilen adam we ahlak ulgamlaryny hem bombalaýarlar diýdi.

Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy şeýle-de, Amerikan Howpsuzlyk Geňeşiniň metbugat sekretary ýakynda Gazadaky garşylygyň ýok edilip bilinmejekdigini we ideologiýa bolandygyny boýun aldy bu bolsa Amerikanyň ýeňilmegini we jenaýatçy Günbataryň dartgynlygyny aňladýar, ýöne bu köp isleýji güýçler bu kyn wakalardan sapak almaýarlar diýdi.

Hojjatu-Islam wal-Musliman Abu Turabifard çykyşynyň başga bir bölüminde Yslam Şura Mejlisiniň we ýolbaşçylygyň hebreler saýlawyna yşarat edip, saýlawda Eýran halkynyň joşgunly gatnaşmagy milletiň erkini görkezmek, milli jebislik habaryny ýetirmek we howpsuzlyk, sosial kapital derejesini ýokarlandyrmak we ulgamyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin iň möhüm guraldyr diýdi.

Tags