Mar 08, 2024 13:07 Asia/Ashgabat
  • Raisi, Tähranyň serhetleriň we sebitiň syýasy geografiýasynyň üýtgemezligi baradaky berk pozisiýasyny nygtady

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ermenistanyň Goranmak ministri bilen bolan duşuşygynda Tähranyň sebitdäki serhetleriň we syýasy geografiýanyň üýtgemezligi baradaky berk pozisiýasyna ünsi çekip, sebitdäki ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän düzgüni özygtyýarlylyga we territorial bitewilige hormat goýmak we daşary ýurtlularyň gatyşmazlygy diýip hasaplady.

Eýranyň tele-radio guramasynyň habar gullugynyň habaryna görä, penşenbe güni Tähranda Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi Ermenistanyň Goranmak ministri "Soren Papikian" we ýoldaş delegasiýa bilen Tähranda duşuşanda Eýran Yslam Respublikasynyň Kawkaz sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy ornaşdyrmak we berkitmek üçin islendik çärä goldaw berjekdigini nygtamak bilen sebitiň howpsuzlygyny üpjün etmek diňe şu sebitiň ýurtlary tarapyndan amala aşyrylyp bilner we daşary ýurtlulara ýer bermek howpsuzlyk getirmez diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýran bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklary gowy suratlandyryp, iki ýurduň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyklary gatnaşyklary ösdürmek we sebitde howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin täsirli we möhüm hasaplady.

Ermenistan Respublikasynyň Goranmak ministri "Soren Papikian" bu duşuşykda Eýran Yslam Respublikasynyň ýurtlaryň özygtyýarlylygyny goramak we sebitde parahatçylygy abraýly goramakdaky pozisiýalaryna ýokary baha bermek bilen, Kawkaz sebitinde parahatçylygyň döredilmegini iň möhüm mesele hökmünde hasaplamak bilen Ýerewan, ähli ýurtlaryň territorial bitewiligine we milli özygtyýarlylygyna hormat goýmak bilen Kawkazda parahatçylygy saklamagy maksat edinýär diýdi.

Gara deňiz bilen Hazar deňziniň arasyndaky Kawkaz sebitine Gürjüstan, Azerbaýjan respublikasy, Ermenistan we Russiýanyň käbir bölekleri girýär.

Tags