Mar 18, 2024 12:48 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary: Siriýany güýçlendirmek sebitiň howpsuzlygy we durnuklylygy üçin peýdalydyr

Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary, Siriýany güýçlendirmek sebitiň howpsuzlygy we durnuklylygy üçin peýdalydygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň wekili we Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary "Ali Akbar Ahmadian" ýekşenbe güni Tähranda Siriýanyň Goranmak ministri Ali Mahmud Abbas bilen duşuşanda Yslam rewolýusiýasynyň ýeňşinden bäri başlanan iki ýurduň arasyndaky berk gatnaşyklara salgylanyp, Siriýa halkynyň we hökümetiniň genosid Ysraýyl režimine we terrorçy toparlara garşy garşylyk okunyň agzasy hökmünde garşylygyny hormatlady.

Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary, Eýran bilen Siriýanyň dürli ugurlardaky ykdysady hyzmatdaşlygyny ýada salyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlarda, esasanam ykdysady ugurda giňelmegini nygtady.

Siriýanyň Goranmak ministri "Ali Mahmud Abbas" hem Damask bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösdürilmegine ünsi çekdi we Takfiri terrorçylaryna we DAEŞ toparyna garşy söweş ýyllarynda Eýranyň hökümetiniň we halkynyň Siriýa berýän goldawyna ýokary baha bermek bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar Eýranda Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň başynda emele geldi we häzirem dowam edýär diýdi.

Siriýanyň Goranmak ministri Gaza zolagynda bolup geçen wakalar barada durup geçip, bu wakalaryň hemmelere genosid sionist režiminiň ýeňilendigini görkezendigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasy Siriýa bilen strategiki hyzmatdaşlyga eýedir we Siriýa krizisinde Tähranyň bu ýurduň kanuny hökümetini goldamagy we dürli terrorçy toparlara garşy söweşde Assadyň hökümetine kömek etmegi munuň subutnamasydyr.

Tags